Milli gymmatlygymyza sarpa

28 Ýanwar 2024
913

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz behişdi bedew bilen didarlaşdy we gezelenç etdi. Şeýle ajaýyp pursatlary synlanymyzda, dünýäde iň naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanylýan ynsan gylykly ahalteke bedewlerimize, milli atşynaslyk däpleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede hemmetaraplaýyn we ylmy esasda ösdürilýändigine buýsanç duýgulary kalbymyza doldy.

Mälim bolşy ýaly, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir. Munuň özi arassa ganly ahalteke atlaryny gorap saklamakda, köpeltmekde hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk başlangyçlarynyň bu günki günde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.

Hydyrguly ORAZGULYÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri.