Bagtyýar çagalygyň ýurdunda

28 Ýanwar 2024
918

Ýurdumyzda çagalaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrundaky işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ene dünýäsiniň mährini ýüregine siňdirip kemala gelýän perzentler milletiň dowamatydyr, nesil daragtydyr.

2019-njy ýylyň dekabrynda enäniň, çaganyň we ýetginjekleriň saglygyny gorap saklamak babatda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýa» kabul edildi. Şu resminama Türkmenistan döwletimizde çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistan bagtly çagalygyň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdudyr» diýen parasatly sözlerinden görnüşi ýaly, bagta ýaran nesillerimiz eşret sakasynyň goýnunda ajap döwrana eýedirler. Dünýä nusgalyk şäher bolan Arkadag şäherinde edara binasy ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň ýüzlerçe çagalarynyň bejergi operasiýalaryny amala aşyryp, sagdyn jemgyýete goşulmagy üçin döredilen mümkinçilikler döwletli, haýyrly işler bolup, ýaş nesil hakyndaky aladanyň näderejede uludygyny görkezýär.

Jeren NURMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 79-njy çagalar bagynyň müdiri.