«Ekologik biotehnologiýa» ylmy-önümçilik merkezinde

28 Ýanwar 2024
711

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki daşky gurşawyň arassalygy adamyň saglygynyň hem girewidir. Şol sebäpli, okuwlar innowasion usullarda alnyp barylýan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak» taýýarlyk ugry boýunça hem hünärmenler ýetişdirilýär. Uniwersitetde geljekki ekolog hünärmenleriň döwrebap bilim almaklary, nazary okuwlarda alan bilimlerini dürli tejribeleriň üsti bilen kämilleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilen. Okuw sapaklarynda hormatly Prezidentimiziň ekologiýa babatdaky döwlet syýasaty, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryndan rejeli hem netijeli peýdalanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda alnyp barylýan işler barada çuňňur bilim berilýär. Uniwersitetiň çäginde hereket edýän «Ekologik biotehnologiýa» ylmy-önümçilik merkezinde talyplaryň ylmy işleri we taslamalary ýerine ýetirmekleri üçin hem giň mümkinçilikler döredilen. Bu ylmy-önümçilik merkezde talyplar «Zeý suwlaryny arassalamak we gaýtadan peýdalanmak», «Önümçilik kärhanalarynyň galyndylaryny gaýtadan işlemek we täze önümleri almak», «Iýilýän bioplastikleri taýýarlamak» ýaly ugurlar boýunça ylmy barlaglary we işleri alyp barýarlar.

Talyplara berilýän bilimiň hilini olar bilen geçilýän okuw sapaklary kesgitleýär. «Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak» taýýarlyk ugrunyň talyplary bilen ýurdumyzyň dürli ylmy-barlag edaralarynda, döwlet tebigy goraghanalarynda ýygy-ýygydan göçme tejribe okuw sapaklary geçilýär. Olaryň dowamynda talyplar olarda alnyp barylýan ylmy işler bilen tanyşdyrylýar.

Bahadir ÝULDAŞOW,
Ekologiýa we ekologik tehnologiýalar kafedrasynyň uly mugallymy.