«Bionika we robot tehnikasy» ylmy-önümçilik merkezinde

28 Ýanwar 2024
494

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, edep-terbiýeli, beden taýdan sagdyn bolmagy, dürli hünärleri ele almagy we döredijilige gönükdirilmegi, ata Watana, halka, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli, bäsdeşlige ukyply, giň gözýetime eýe bolan we häzirki döwrüň bilimlerini ele alan ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça durmuşa geçirýän çäreleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde ylma esasy orun degişlidir. Ylym innowasiýanyň ýüze çykmagyny şertlendirýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem ylmy-önümçilik merkezleri hereket edýär. Olaryň biri-de uniwersitetiň Kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň düzüminde döredilen «Bionika we robot tehnikasy» ylmy-önümçilik merkezidir. «Bionika we robot tehnikasy» ylmy-önümçilik merkezinde professor-mugallymlar talyp ýaşlar bilen bilelikde ylmy işleri alyp barýarlar.

Perman HOJAGULYÝEW,
uniwersitetiň mugallymy.