Döwrebap özgertmeler

28 Ýanwar 2024
705

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe bermek hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ýaş nesliň kämil bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanda bilimiň hilini dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak ýaly işler toplumlaýyn hem-de ylmy esasda durmuşa geçirilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek we olara nusgawy edebiýatymyzy öwretmek bilim işgärleriniň asylly maksatlary bolup durýar. Şeýle asylly maksatlaryň netijesinde açyk sapaklary guramak, okuwçylar bilen edebiýat boýunça duşuşyklary geçirmek işleri ýola goýulýar. Şunda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary hakynda söhbet edilýär. Okuwçylara akyldar şahyryň eserlerini wagyz etmek bilen bir hatarda, olarda ene dilimize bolan sarpany hem terbiýeleýäris. Çünki şahyryň döredijiliginde türkmen diliniň baý gymmatlyklary, gadymy nusgalary jemlenendir. Goşgularda duş gelýän gadymy sözler, arhaizmler ýaş nesliň ünsüni çekýär, öwrenmäge bolan höwesini ýokarlandyrýar. Şu aýdylanlardan görnüşi ýaly, akyldar şahyryň eserleri nesil terbiýesinde gymmatly hazynadyr, bahasyz baýlykdyr.

Gadyrbibi MÄMMEDOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 9-njy orta mekdebiň müdiri.