Belent üstünlikleriň beýany

28 Ýanwar 2024
764

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, bilim ulgamyny özgertmäge, milli medeniýetimizi dünýä ýaýmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ähli pudaklary depginli ösdürmek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak we ylym-bilimi ilerletmek boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär. Bu babatda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi, pudaklaryň sanlylaşdyrylmagy ýaly ugurlary aýratyn görkezmek bolar. Bu bolsa ösüşleriň röwşen geljegini, aýdyň ýoluny üpjün edýär. Eziz Diýarymyzda bilimli nesil kemala gelýär, ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar.

Bilim ulgamynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary ornaşdyrylýar, halkara ylym we bilim alyşmalary giňeldilýär, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk saklanýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde iňlis, nemes, fransuz, italýan, rus, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars, türk, hindi dilleri boýunça hünärmenler, mugallymlar taýýarlanylýar. Döwletiň ösmegi üçin ylymly nesiller kemala gelýär. Mugallymlaryň borjy bolsa bilim berýän ýaşlarynyň ylym-bilim derejesini has-da ösdürmekden ybaratdyr. Çünki her bir nesliň gadyr-gymmaty özünden soň nähili nesil ýetişdirendigi bilen kesgitlenilýär.

Täzegül YMAMGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dosenti.