Milletiň mizemez sütünleri

22 Fewral 2023
681

Halklary dostlaşdyrýan, kalplarda ýürekdeşligi oýarýan milli sütünler bilim, ylym we medeniýetdir. Gatbar-gatbar kitaplaryň sahaplaryny agtaraňda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundan üstaşyr geçen kerwenleriň türkmen halkynyň bilimini, ylmyny, medeniýetini näderejede ezizländigine we sarpalandygyna göz ýetirýärsiň. Asyrlar aşyp, waspy dünýäniň çar künjüne ýaýran türkmen bilimi, ylmy, medeniýeti bu gün özüniň dünýä derejesindäki şöhratyny has-da pugtalandyrdy.

Bosagamyzdan ätlän 2023-nji ýyl hem milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzüne ýaň saljak ýyllarynyň biri bolar. Müňýyllyklaryň içinde baý tejribe toplan halkymyzyň milli edim-gylymlary we ajaýyp däp-dessurlary bar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary milletimiziň joşgunly kalbynyň altyn hazynasydyr. Bu gymmatlyklar dünýäniň syýasy, medeni-ruhy we ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşan mähriban halkymyzyň mirasydyr. Biziň milli mirasymyz halkymyzyň aň we paýhas, akyl we düşünje, pähim-parasat derejesidir. Medeniýet milletiň mertebesidir, halkyň kalbydyr. Türkmen medeniýeti dünýäniň taryhynda müdimi orun alan maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryň bir bitewi ulgamydyr» diýip jaýdar belleýär. Hakykatdan hem milletiň mertebesi onuň iň ezizleýän buýsanjydyr. Şol buýsanjy başymyza täç edip, ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyzdan bize ýetip gelen baý medeni mirasymyzy aýawly saklamak, galyberse-de, ol gymmatlyklaryň waspyny dünýä ýüzünde ýaýmak zerurdyr. Köp ýyllardan bäri umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler sanardan köp.

«Esger».