Her kimiň ne mukdar bolsa yhlasy...

29 Ýanwar 2024
511

Zähmetsöýerlik ynsany bezeýän, beýgeldýän, bagtly edýän häsiýetleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir.

Diňe ertekidir rowaýatlarda däl, eýsem, durmuş hakykatlarynda hem bagtyň ýa-da bagtly döwranyň zähmet arkaly hasyl edilýändigi öwran-öwran nygtalýar. Il arasynda: «Ynsany üç zat — häsiýeti, eginbaşy hem-de çekýän zähmeti bezeýär» diýen pähim bar. Dogrudanam, ynsanyň görki-gelşigi zähmetde. Toý-tomgy, märekede bolnanda, durmuş tejribesi ýeterlik ýaşulularyň söhbetlerini diňlänimizde hem juda köp zatlary öwrenýäris. Ynsan öz ykbalyny zähmet bilen bezän halatynda, onuň öwüşgini, nury artyp başlaýar. Göwnügiňlik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetler oňa hemra bolýar. Halal zähmetiň haýry-höziri hakda söz açylanda, dessine akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine salgylanýarys. Durmuşyň ähli taraplaryna akyl ýetirip bilen şahyr zähmet çekmegiň wajyplygyna aýratyn ünsi çekýär. «Ykbal her kime şonuň yhlasyna görä eçiler», «Köp işlän köp gazanar», «Yhlasly edilen işiň yrýasy bolmaz» ýaly çuňňur many-mazmunly setirler bizi yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Şahyr:

Aýgözel ARLANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.