Bagtyýarlygyň buýsançly menzilleri

29 Ýanwar 2024
737

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem täze ösüşlere eýe bolýar. 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, bilim bermek işini döwrebap derejede guramak, ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

2023-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygy barada belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ylmyň soňky gazananlaryny düýpli öwrenmek, özleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu babatda halkara derejesinde geçirilýän forumlaryň, maslahatlaryň ähmiýeti örän uludyr.

Allaberdi BERDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallym-öwrenijisi, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.