Ene dili — köňül kelamy

30 Ýanwar 2024
786

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda ylym-bilim, edebiýat hem ösdürilipdir we gymmatly golýazma çeşmeleri miras galypdyr. Hut şeýle golýazma çeşmeleri, nusgawy edebiýatymyzyň gymmatly hazynasy ene dilimiziň baýlygydyr. Dil baýlyklary nusgawy edebiýatlarda, kitaplarda saklanýar, halkyň sözleýşinde ösýär, özgerýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde dilimiziň baýlyklaryny ýaş nesillere öwretmek milli terbiýäniň özeni bolup durýar. Ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza oňat düşünýän ýaşlar watansöýüji şahsyýetler bolup kemala gelýär.

Milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy, ene dilimizi ylmy esasda öwrenmek we wagyz etmek edebiýatçylaryň, dilçi alymlaryň asylly ýörelgesine öwrüldi. Munuň özi ýaş nesillerimiziň ene dilimiziň baýlyklaryna düşünmeklerine, edebi dilde medeniýetli sözlemeklerine oňat ýardam edýär, çünki sözleýiş we sözleýiş medeniýeti adamyň lingwistik düşünjesiniň alamaty bolup durýar. Sözleýiş medeniýetiniň has kämil bolmagynda diliň baýlyklaryny, sözleriň manysyny kämil bilmek zerurdyr. Munuň özi sözleýän adamynyň dil medeniýeti, lingwistik düşünjesi bilen pugta baglanyşykly bolýar. Sözleýän adam diliň söz baýlyklaryna, many-mazmunyna oňat düşünýän bolsa, ol pikirini beýan etmegiň kämil usulyny ulanyp bilýär.

Ejegyz ANNASÄHEDOWA,
Murgap etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.