"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Parasatly sözler

Diňe özüňe ynan. Şonda nädip ýaşamalydygyna düşünersiň. Ýohan Wolfgang GÝOTE.

OWAZY DÜNÝÄ DOLAN NEPIS SUNGAT

Türkmen keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi zenan edebine ýugrulan milli lybaslarymyzyň gözelligini dünýä ýaýmakda, älem gözel liklerini özünde jemleýän ajaýyp el işleriniň gadyr-gymmatyny giňden wagyz etmekde örän uly ähmiýete eýedir we bu senediň dünýä halklarynyň medeniýe- tiniň bir bölegine öwrülmegine ýardam eder. Asyrlar aşyp, heňňamlar geçse-de, türkmeniň beýik keşdeçilik sungaty baky juwanlygy saklaýar. Tebigatyň ähli ajaýyplyklaryny özünde jemleýän nagyşlar ýöne bir senet däl-de, sungat, kerem-keramat hasaplanýar. Bu gün ene-mamalarymyzyň päk söýgüsini, ýagşy niýetlerini, ýagty arzuw-umytlaryny, kalbynyň sedasyny özünde jemleýän keşdeçilik sungaty köňülleri, ýürekleri birleşdirýär. Ýurdumyzyň dürli sebitleriniň keşde nagyşlary biri-birinden özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Her bir sünnäläp çekilýän keşdäniň syrly manysy bar. Mysal üçin, kürteler gyzlar durmuşa çykanda başyna büremek üçin niýetlenip, nagyşlar bilen bezelýär. Kürtäniň «çaňňa» nagşy gyzyň baran ýigidi bilen bagrynyň badaşma gy baradaky dilegi, «gülýaýdy» nag şy gül ýaly açylmagy aňladýar. «Tegbent», «kürte goçak» nagyşlary erbet nazarlardan gorasyn, «tamdyragulak» nagşy hemişe ruhuň belent bolsun diýen niýet bilen salynýar. «Gelinbarmak» bolsa «çeper ellerim bilen süýji arzuwlarymy keşdeledim, ömürlik

GÖWÜNLERI BIRLEŞDIREN FESTIWAL

«Awaza – 2023» halkara tans we folklor festiwaly GÖWÜNLERI BIRLEŞDIREN FESTIWAL

Türkmenistan - bagtly çagalygyň mekany

Berkarar Diýarymyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýip nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn, bagtyýar ösmegi ugrunda ägirt uly tutumly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäherinde ajaýyp, ähli şertleri bolan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurlup ulanylmaga berilmegi bolsa bu ugurda aýratyn guwandyryjy wakalaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen gaznanyň alyp barýan işleri barada, şeýle hem çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin söhbet açýan, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly ajaýyp kitap halkymyza gowuşdy. «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmaty — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» diýen bölümlerden ybarat bolan bu kitap haýyr işleriň beýany bolup, ynsanperwerli

Manyly ömrüň dowamaty

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hökümet agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler hormatly Arkadagymyzyň şeýle kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny, janynyň sag, başynyň dik bolmagyny arzuw etdiler. Halkymyzda köpri gurmagyň, ýol salmagyň sogaplygy hakynda kän aýdylýar. Şeýle gymmatly eseri okamak bilen, kitap ýazmagyň hem sogaply işdigi hakyndaky pikire uýýarsyň. «Ömrümiň manysyndan» gözbaş alyp gaýdýan «Ömrümiň manysynyň dowamatyna», ondaky paýhaslara çuňdan-çuň aralaşyp başlaýarsyň.

«Ömrümiň manysynyň dowamaty»

Hut şu at bilen Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi Şu gün, ýagny 10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler kitabyň many-mazmuny, ähmiýeti barada giňişleýin beýan etdiler. Bu kitabyň biziň her birimiz üçin görelde mekdebi, ýolumyza ýagty saçjak şamçyrag  boljakdygy hakyndaky çuňňur manyly jümleler çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan alnan dürdäne jümleler dabara gatnaşyjylarda örän uly täsir galdyrdy. 

Şahandaz wäşileriň çykyşlary

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde giň gerimli dabaralara beslenip açylan Arkadag şäheri gysga wagtyň içinde medeni çäreleriň, toý-baýramlaryň döwresine öwrüldi. Häzirki wagtda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň ajaýyplyklaryny synlamaga daşary ýurtlardan we ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýänleriň yzy üzülmeýär. Täze şäheriň medeni-durmuş ähmiýetli ojaklarynda tanymal sungat ussatlarynyň, sirk artistleriniň çykyşlary, meşhur döredijilik işgärleriniň gezelençleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Öňňin Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen ýurdumyzyň wäşileriniň «Geliň, gülşeliň!» atly çykyşlary diýseň köp adamly boldy. Bu ýerde gülki ussatlarynyň gyzykly çykyşlary degişme sungatynyň özboluşly baýramyna öwrüldi. Onda paýtagtymyzyň teatrlarynyň belli artistleri bilen birlikde welaýatlarymyzdan gelen wäşileriň çykyşlaryna-da giň orun berildi. Çykyşlaryň süňňi Ependiniň halk arasyndaky meşhur ýomaklaryndan düzüldi. Ussat degişmeçileriň «Nirede bolduň?», «Gaharyň derejeleri», «Hurma» atly çykyşlarynda maşgala durmuşynda bolup geçýän gyzykly wakalara ähmiýet berilýän bolsa, «Synag», «Sygyr satýan», «Islegler» atly çykyşlarda oba wakalarynyň gyzykly pursatlary çeper keşpleriň üsti bilen janlandyrylýar.

Döwrüň ýüzi, sözi we gadamy

Köpetdagyň eteginde kemala gelen Arkadag şäheri dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Bu şäher türkmen durmuşynda başlanan täze döwrüň ajaýyp mysalydyr. Bu döwür öň başy başlanan giň gerimli işleriň mynasyp dowam etdirilýän döwrüdir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrýan häzirki döwrümiziň öz ýüzi, sözi hem gadamy bar. Şuny açyp görkezmek köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda täze döredilen «Arkadag» gazetiniň üstüne ýüklenilýär. Ilki bilen, gazete «döwrüň ýüzi» diýmegimiziň sebäbi hakda gürrüň edeliň! Aslynda, bu kesgitleme täzelik däldir. Gazete «döwrüň aýnasy» diýlip, öňden bäri aýdylyp gelinýär. Gazete, şonuň ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hemmesine «döwrüň aýnasy» ýa «döwrüň ýüzi» diýip bolar. Olar jemgyýetde bolup geçýän ähmiýetli wakalar hakda derhal habar bermek bilen pursady, sagady, güni «suratlandyrýarlar».

Kitap — paýhas hazynasy

Gahryman Arkadagymyz: «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär» diýip, örän jaýdar belleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda kitaphana ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, kitap neşir etmek işine uly ähmiýet berilýär. Arkadag şäherinde täze kitaphananyň açylyp ulanmaga berilmegi, oňa nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy bolsa biz, kitaphanaçylary has-da buýsandyrdy. Eserlerinde ynsanperwerligi, agzybirligi, adalatlylygy, parahatçylyk ýörelgelerini öňe sürüp, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras goýan, meşhur «Wagzy-azat» eserini döreden dana şahyryň adynyň mukaddes ojak hasaplanýan kitaphana dakylmagy kitaba, söz sungatyna belent sarpa goýýan halkymyz üçin guwandyryjy waka boldy. Çünki ýaşlara milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamagy, durmuşda olardan dogry peýdalanmagy öwretmekde, nesilleri milli ruhda terbiýelemekde Döwletmämmet Azadynyň öwüt-nesihat häsiýetli «Wagzy-azat» eseri uly ähmiýete eýedir. Onda ösüp gelýän ýaş nesliň watançy, kämil, berk bedenli, edep-ekramly, zähmetsöýer şahsyýet bolup ýetişmeginde ata-enäniň we ulularyň göreldesi barada pikir ýöredilýär, degişli ýol-ýörelgeler, maslahatlar beýan edilýär. Hut şonuň üçin-de, Arkadag şäherinde ýerleşýän kitaphana bu görnükli şahsyýetiň adynyň dakylmagy çuňňur mana eýedir.

Sirk tomaşalary şatlyk paýlaýar

2-nji iýulda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Russiýanyň döwlet sirkiniň, Moskwanyň Wernadskiý şaýolundaky uly döwlet sirkiniň hem-de Nikuliniň Swetnoý bulwardaky Moskwa sirkiniň artistleriniň bilelikdäki çykyşlary guraldy.

«Döwlet daragty»: täze teatryň ilkinji sahnasy

3-nji iýulda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Döwlet daragty» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Aýnazar Batyrowyň režissýorlyk eden sahna oýnunyň edebi esasyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer», «Ömrümiň manysy» kitaplarynda beýan edilýän wakalaryň, gymmatly maglumatlaryň esasynda döredilen sahna oýny bäş bölümden ybarat bolup, olarda taryhy döwrüň wakalary janlandyrylýar. Mukaddes toprakda ýaşan, döreden şahsyýetleriň döredijilik ykballaryndan, manyly ömür ýollaryndan söhbet açylýar.

Bagtyýar ýaşlaryň belent owazy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2023» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry hakyky sungat baýramçylygyna öwrüldi. Welaýat merkeziniň gözel künjegine görk berýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk lybasyna beslenen giň sahna dürli yşyklar bilen nurlandy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bezeg beren bu bäsleşik aýdym-saza söýginiň, gadyr-gymmatyň egsilmeýändigini aýdyň görkezdi. Oňa welaýatyň etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş zehinleriň 10-sy gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sungatyň täze belentliklere ýetýändigini dabaralandyran bu bäsleşik ýaş zehinleriň birnäçesini ýüze çykardy. Olaryň täze eýýamymyzyň ruhy joşgunyna beslenen şirin owazlary aýdym-saz muşdaklaryna egsilmez şatlyk, ýakymly lezzet paýlady.

«Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitaby çapdan çykdy

28-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyny ýazyp gutarandygyny habar berdi. Täze kitapda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna degişli birnäçe möhüm meseleler, şol sanda jemgyýetimizde ýaşlaryň eýeleýän orny we milli bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly anyk maglumatlar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň dowamy bolan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitaby her bir adamyň durmuşyny dogry guramagy baradaky ugrukdyryjy gollanmadyr. Milli Liderimiziň bu kitabynda durmuşyň dürli ugurlaryndan söz açylyp, wakalar ömür we adamyň ruhy, medeni, syýasy ösüşleri bilen baglanyşykda beýan edilýär.

Täze şäheriň medeni ojaklarynda

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň Türkmenistanyň Döwlet hory we simfoniki orkestri bilen bilelikdäki konserti boldy. Medeni çärä ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, doganlyk ýurtlaryň döredijilik wekiliýetleri, ýaşuly nesliň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Türki dünýäde ilkinji «akylly» şäheriň medeni ojaklarynyň biri bolan drama teatrynda türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki dostluk konserti Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna bagyşlanan çäreleriň üstüni ýetirdi.

Sungatyň sarpasy

Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew:

Müdimi senet

Zähmetsöýer halkymyzyň el hünäriniň gudraty bilen dürli saz gurallarymyz ýasalypdyr. Şolaryň arasynda dutar uly meşhurlyga eýedir. Ata-babalarymyz gazma dutary özlerine hemişelik hemra edinip, ony gözüniň göreji ýaly aýawly saklapdyrlar. Halk arasynda «Dutar öýe agzybirlik, rysgal, ýagşylyk dileg edip durarmyş» diýen aýtgy bar. Şonuň üçin her bir türkmen öýünde dutar saklamagy arzuw edýär. Häzirki döwürde-de obalarda dutar-gyjak ýasaýan eli hünärli ussalar bar. Şeýle dutar ussalarynyň birine Tagangeldi Jumaýew diýýärler. Ol Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gökçäge şäherçesiniň Duzly köl obasynda ýaşaýar. Tagangeldi obasyndaky orta mekdebi tamamlap, mehanizator bolup zähmet çekýär. — Kärim mehanizator bolansoň, wagtymyň köpüsi atyzda geçýärdi. Işden ýadap haçan gelsem, kakam Göllibaý Jumaýew tam kölegede eline iş gurallaryny alyp, dutar ýasardy. Men oňa bilesigelijilik bilen syn edip oturardym. Bir gezek kakam maňa: «Tagan jan, seniňem-ä dutar ýasamak meýliň bar gerek?» diýdi. Men kakama baş atdym — diýip, ol gürrüň berdi.

Gorjawyň sazanda ogly

Suratda: (sagda) Türkmenistanyň at gazanan artisti Illi Yrzaýew. Uly tut agajynyň kölegesinde ýazylan keçäniň üstünde özara söhbet edip oturan iki goňşy tirsekleşip gök çaýyň lezzetini görýärdi. Birdenem bir ýerlerden dutaryň çala eşidilýän sesi ýaşululary gozgalaňa saldy. Olaryň biri tirsekläp oturan ýassygyny beýleräk süýşürdi-de: «Baýmyrat ussanyň eli boşaşan borly. Eşidýäňmi, eline dutaryny alypdyr. Çaýyňy içip bolan bolsaň, şoňka ötägitsek nädýä, sakgaldaş» diýip, ol öý eýesine ýüzlendi.

Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

Gyzlar läle kakanda... Suratda: häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetiniň talyplary Gurbanjemal Ylýasowa bilen Aýgözel (Esenowa) Täçmyradowanyň çeper höwesjeňleriň konsertindäki çykyşy. (1963-nji ýyl).

Degişmeler düwünçeginden

Ata Köpekmergeniň «kak-soky» Gürrüňçilikde eşidişime görä, günlerde bir gün Ata Köpekmergeniň öýüne goňşy obalaryň birinden «men şahyr» diýip, döşüne kakyp ýören bir ýigit gelipdir.

Sungat gözelligi

Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowa ajaýyp, gaýtalanmajak eserleri bilen şekillendiriş sungatynda mynasyp ornuny tapdy. Ol türkmen keramikasynyň görnükli wekilleriniň biri.  Külalçy zenanyň eserlerini synlanyňda, onuň saýlan kärinde uly söýgi we yhlas bilen işleýändigini görmek bolýar.  Onuň döredijiliginde, esasan hem, farfordan ýasalan özboluşly, ajaýyp eserlere köp duş gelinýär. Ussat külalçy zenanyň eserleriniň her biri aýratyn bir gözellik. Halypanyň 1992-nji ýylda ýasan «Dutaryň owazy» atly bezeg kompozisiýasy eserleriniň iň naýbaşylarynyň biri. Kompozisiýa üç bölekden ybarat bolup, bu işde ata-babalarymyzdan miras galan gadymy dutaryň älemiň dört künjüne ýaýran owazy görkezilmäge çalşylypdyr Dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan saz guralynyň owazy elmydama halkymyzyň kalbynyň mukamy, ruhy dünýäsiniň sesi kimin ýaňlanýar.  Dursunsolmazyň  «Näziklik», «Agşam salkyny», «Tolkun», «Dessan», «Gelinler», «Ahalteke atlary» atly bezeg kompozisiýalary hem özüniň näzikligi, owadanlygy bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Ussat halypa diňe bir keramika däl, eýsem, akril reňkleriň açyk we doýgun reňkleri bilen boýalan haşam suratlaryň hem awtorydyr. Onuň «Bägüller», «Gyzym Maralyň portreti», «Liliýalar», «Çigildemler», «Gerberler» ýaly nakgaş eserleri keramiki eserleri bilen utgaşýar. «Deňiz» we «Ýantar düýşi» atly abstrakt kompozisiýalary hem özüne