«Ömrümiň manysynyň dowamaty»

10 Iýul 2023
931

Hut şu at bilen Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Şu gün, ýagny 10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler kitabyň many-mazmuny, ähmiýeti barada giňişleýin beýan etdiler. Bu kitabyň biziň her birimiz üçin görelde mekdebi, ýolumyza ýagty saçjak şamçyrag  boljakdygy hakyndaky çuňňur manyly jümleler çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan alnan dürdäne jümleler dabara gatnaşyjylarda örän uly täsir galdyrdy. 

«Güneş».
Beýleki habarlar