Eşretli ýaşaýşyň höziri

22 Sentýabr 2024
464

Öňňin gözel paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 4 sany 9 gatly, 54 öýli we 9 sany 9 gatly, 36 öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de döwrebap seýilgähiň açylyş dabarasy boldy. Aşgabat şäher häkimliginiň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly aýdym-sazlar dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda halkymyzyň rowaçlygynyň möhüm ugry hökmünde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň kemala getirilmegine uly üns berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Biz hem jaý toýlaryny toýlaýan ildeşlerimiz bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Georgiý GURTÖWEZOW,
«Türkmensuwylymtaslama» institutynyň Gidrotehnika we suw ulanyş barlaghanasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty:

Ýazga geçiren Baýramberdi GELDIMYRADOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.