Döwrüň ýüzi, sözi we gadamy

8 Iýul 2023
504

Köpetdagyň eteginde kemala gelen Arkadag şäheri dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Bu şäher türkmen durmuşynda başlanan täze döwrüň ajaýyp mysalydyr. Bu döwür öň başy başlanan giň gerimli işleriň mynasyp dowam etdirilýän döwrüdir.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrýan häzirki döwrümiziň öz ýüzi, sözi hem gadamy bar. Şuny açyp görkezmek köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda täze döredilen «Arkadag» gazetiniň üstüne ýüklenilýär. Ilki bilen, gazete «döwrüň ýüzi» diýmegimiziň sebäbi hakda gürrüň edeliň! Aslynda, bu kesgitleme täzelik däldir. Gazete «döwrüň aýnasy» diýlip, öňden bäri aýdylyp gelinýär. Gazete, şonuň ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hemmesine «döwrüň aýnasy» ýa «döwrüň ýüzi» diýip bolar. Olar jemgyýetde bolup geçýän ähmiýetli wakalar hakda derhal habar bermek bilen pursady, sagady, güni «suratlandyrýarlar».

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Beýleki habarlar