Sungat gözelligi

6 Iýul 2023
497

Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowa ajaýyp, gaýtalanmajak eserleri bilen şekillendiriş sungatynda mynasyp ornuny tapdy. Ol türkmen keramikasynyň görnükli wekilleriniň biri.  Külalçy zenanyň eserlerini synlanyňda, onuň saýlan kärinde uly söýgi we yhlas bilen işleýändigini görmek bolýar.  Onuň döredijiliginde, esasan hem, farfordan ýasalan özboluşly, ajaýyp eserlere köp duş gelinýär. Ussat külalçy zenanyň eserleriniň her biri aýratyn bir gözellik. Halypanyň 1992-nji ýylda ýasan «Dutaryň owazy» atly bezeg kompozisiýasy eserleriniň iň naýbaşylarynyň biri. Kompozisiýa üç bölekden ybarat bolup, bu işde ata-babalarymyzdan miras galan gadymy dutaryň älemiň dört künjüne ýaýran owazy görkezilmäge çalşylypdyr Dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan saz guralynyň owazy elmydama halkymyzyň kalbynyň mukamy, ruhy dünýäsiniň sesi kimin ýaňlanýar.

 Dursunsolmazyň  «Näziklik», «Agşam salkyny», «Tolkun», «Dessan», «Gelinler», «Ahalteke atlary» atly bezeg kompozisiýalary hem özüniň näzikligi, owadanlygy bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Ussat halypa diňe bir keramika däl, eýsem, akril reňkleriň açyk we doýgun reňkleri bilen boýalan haşam suratlaryň hem awtorydyr. Onuň «Bägüller», «Gyzym Maralyň portreti», «Liliýalar», «Çigildemler», «Gerberler» ýaly nakgaş eserleri keramiki eserleri bilen utgaşýar. «Deňiz» we «Ýantar düýşi» atly abstrakt kompozisiýalary hem özüne çekijidir.

Jeren PALLYKOWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy-barlag bölüminiň esasy ylmy işgäri.
Beýleki habarlar