«Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitaby çapdan çykdy

6 Iýul 2023
644

28-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyny ýazyp gutarandygyny habar berdi. Täze kitapda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna degişli birnäçe möhüm meseleler, şol sanda jemgyýetimizde ýaşlaryň eýeleýän orny we milli bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly anyk maglumatlar beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň dowamy bolan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitaby her bir adamyň durmuşyny dogry guramagy baradaky ugrukdyryjy gollanmadyr. Milli Liderimiziň bu kitabynda durmuşyň dürli ugurlaryndan söz açylyp, wakalar ömür we adamyň ruhy, medeni, syýasy ösüşleri bilen baglanyşykda beýan edilýär.

Beýleki habarlar