Manyly ömrüň dowamaty

10 Iýul 2023
589

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hökümet agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler hormatly Arkadagymyzyň şeýle kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny, janynyň sag, başynyň dik bolmagyny arzuw etdiler.

Halkymyzda köpri gurmagyň, ýol salmagyň sogaplygy hakynda kän aýdylýar. Şeýle gymmatly eseri okamak bilen, kitap ýazmagyň hem sogaply işdigi hakyndaky pikire uýýarsyň. «Ömrümiň manysyndan» gözbaş alyp gaýdýan «Ömrümiň manysynyň dowamatyna», ondaky paýhaslara çuňdan-çuň aralaşyp başlaýarsyň.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar