Şahandaz wäşileriň çykyşlary

10 Iýul 2023
480

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde giň gerimli dabaralara beslenip açylan Arkadag şäheri gysga wagtyň içinde medeni çäreleriň, toý-baýramlaryň döwresine öwrüldi. Häzirki wagtda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň ajaýyplyklaryny synlamaga daşary ýurtlardan we ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýänleriň yzy üzülmeýär. Täze şäheriň medeni-durmuş ähmiýetli ojaklarynda tanymal sungat ussatlarynyň, sirk artistleriniň çykyşlary, meşhur döredijilik işgärleriniň gezelençleri giňden ýaýbaňlandyryldy.

Öňňin Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen ýurdumyzyň wäşileriniň «Geliň, gülşeliň!» atly çykyşlary diýseň köp adamly boldy. Bu ýerde gülki ussatlarynyň gyzykly çykyşlary degişme sungatynyň özboluşly baýramyna öwrüldi. Onda paýtagtymyzyň teatrlarynyň belli artistleri bilen birlikde welaýatlarymyzdan gelen wäşileriň çykyşlaryna-da giň orun berildi. Çykyşlaryň süňňi Ependiniň halk arasyndaky meşhur ýomaklaryndan düzüldi. Ussat degişmeçileriň «Nirede bolduň?», «Gaharyň derejeleri», «Hurma» atly çykyşlarynda maşgala durmuşynda bolup geçýän gyzykly wakalara ähmiýet berilýän bolsa, «Synag», «Sygyr satýan», «Islegler» atly çykyşlarda oba wakalarynyň gyzykly pursatlary çeper keşpleriň üsti bilen janlandyrylýar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy. Surata düşüren Hasan MAGADOW.
Beýleki habarlar