Gorjawyň sazanda ogly

6 Iýul 2023
715

Suratda: (sagda) Türkmenistanyň at gazanan artisti Illi Yrzaýew.

Uly tut agajynyň kölegesinde ýazylan keçäniň üstünde özara söhbet edip oturan iki goňşy tirsekleşip gök çaýyň lezzetini görýärdi. Birdenem bir ýerlerden dutaryň çala eşidilýän sesi ýaşululary gozgalaňa saldy. Olaryň biri tirsekläp oturan ýassygyny beýleräk süýşürdi-de: «Baýmyrat ussanyň eli boşaşan borly. Eşidýäňmi, eline dutaryny alypdyr. Çaýyňy içip bolan bolsaň, şoňka ötägitsek nädýä, sakgaldaş» diýip, ol öý eýesine ýüzlendi.

Annabaýram PAÝAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Beýleki habarlar