OWAZY DÜNÝÄ DOLAN NEPIS SUNGAT

11 Iýul 2023
452

Türkmen keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi zenan edebine ýugrulan milli lybaslarymyzyň gözelligini dünýä ýaýmakda, älem gözel liklerini özünde jemleýän ajaýyp el işleriniň gadyr-gymmatyny giňden wagyz etmekde örän uly ähmiýete eýedir we bu senediň dünýä halklarynyň medeniýe- tiniň bir bölegine öwrülmegine ýardam eder.

Asyrlar aşyp, heňňamlar geçse-de, türkmeniň beýik keşdeçilik sungaty baky juwanlygy saklaýar. Tebigatyň ähli ajaýyplyklaryny özünde jemleýän nagyşlar ýöne bir senet däl-de, sungat, kerem-keramat hasaplanýar. Bu gün ene-mamalarymyzyň päk söýgüsini, ýagşy niýetlerini, ýagty arzuw-umytlaryny, kalbynyň sedasyny özünde jemleýän keşdeçilik sungaty köňülleri, ýürekleri birleşdirýär. Ýurdumyzyň dürli sebitleriniň keşde nagyşlary biri-birinden özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Her bir sünnäläp çekilýän keşdäniň syrly manysy bar. Mysal üçin, kürteler gyzlar durmuşa çykanda başyna büremek üçin niýetlenip, nagyşlar bilen bezelýär. Kürtäniň «çaňňa» nagşy gyzyň baran ýigidi bilen bagrynyň badaşma gy baradaky dilegi, «gülýaýdy» nag şy gül ýaly açylmagy aňladýar. «Tegbent», «kürte goçak» nagyşlary erbet nazarlardan gorasyn, «tamdyragulak» nagşy hemişe ruhuň belent bolsun diýen niýet bilen salynýar. «Gelinbarmak» bolsa «çeper ellerim bilen süýji arzuwlarymy keşdeledim, ömürlik berkitdim, pugtaladym» diýen ýaly many berýär. Türkmen zenanlary ähli döwürde-de el işlerini nusgalyk derejede sünnäläpdirler. Ýyllar geçdigiçe, olara täze-täze öwüşginler çaýylypdyr. Irki döwürlerden bäri gyz-gelinler çabytlarynyň içini-daşyny, ýeňlerini, jübülerini islendik inlilikde, islän nagyşlary bilen keşdelän bolsalar, häzirki döwürde donlara-da köýnegiň ýakasyna salnan nusga ny gaýamak ýoň boldy. Ýaşlaryň arasynda boýun-ýakaly köýnekleri geýýänleri-de kän. Bu ýaka gyz-gelinle ri has-da owadan görkezýär. Şeýle-de olaryň el hünärine, inçe işe birkemsiz ökdeländigine, her bir köýneklige gelişýän nagşy saýlap başarýandygyna şaýatlyk edýär. Pugta ma salnanda, ýaka göze gelüwli görünýär. Ýurdumyzyň günbatar sebitin de gyzlar egin-eşiklerine ilme usulynda «kürt», «üzülmez», «labyr» ýaly nagyşlary salyp, «ýüzi açylsyn» diýibem, gyrasyna «ak çüýçe» ýa-da «ak saryçýan» aýlap, ýaka gyralary na çyraz çalýarlar. Elde irginsiz yhlas bilen ýerine ýetirilen ýakany synlanyňda, keşde «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilýäniniň hakykatdygyna ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Halkymyzyň baý medeni mirasy hasaplanýan keşdeçilik sungatynyň bu gün dünýä derejesinde belent ykrarnama eýe bolmagy gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň nepisliginiň haýrana goýýandygynyň aýdyň mysalydyr. Irki döürlerden bäri dünýä halklary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän türkmen keşdeçilik sungatynyň önümleriniň gymmaty hiç haçan egsilmezdir. Halkymyzyň medeni mirasyny, milliligini aýap saklamak we ony dünýä ýaýmak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Maral AGAÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Beýleki habarlar