Müdimi senet

6 Iýul 2023
515

Zähmetsöýer halkymyzyň el hünäriniň gudraty bilen dürli saz gurallarymyz ýasalypdyr. Şolaryň arasynda dutar uly meşhurlyga eýedir. Ata-babalarymyz gazma dutary özlerine hemişelik hemra edinip, ony gözüniň göreji ýaly aýawly saklapdyrlar. Halk arasynda «Dutar öýe agzybirlik, rysgal, ýagşylyk dileg edip durarmyş» diýen aýtgy bar. Şonuň üçin her bir türkmen öýünde dutar saklamagy arzuw edýär. Häzirki döwürde-de obalarda dutar-gyjak ýasaýan eli hünärli ussalar bar. Şeýle dutar ussalarynyň birine Tagangeldi Jumaýew diýýärler. Ol Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gökçäge şäherçesiniň Duzly köl obasynda ýaşaýar. Tagangeldi obasyndaky orta mekdebi tamamlap, mehanizator bolup zähmet çekýär.

— Kärim mehanizator bolansoň, wagtymyň köpüsi atyzda geçýärdi. Işden ýadap haçan gelsem, kakam Göllibaý Jumaýew tam kölegede eline iş gurallaryny alyp, dutar ýasardy. Men oňa bilesigelijilik bilen syn edip oturardym. Bir gezek kakam maňa: «Tagan jan, seniňem-ä dutar ýasamak meýliň bar gerek?» diýdi. Men kakama baş atdym — diýip, ol gürrüň berdi.

Gurbannazar KAKABAÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, sazanda.
Beýleki habarlar