Täze şäheriň medeni ojaklarynda

6 Iýul 2023
541

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň Türkmenistanyň Döwlet hory we simfoniki orkestri bilen bilelikdäki konserti boldy. Medeni çärä ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, doganlyk ýurtlaryň döredijilik wekiliýetleri, ýaşuly nesliň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Türki dünýäde ilkinji «akylly» şäheriň medeni ojaklarynyň biri bolan drama teatrynda türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki dostluk konserti Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna bagyşlanan çäreleriň üstüni ýetirdi.

Beýleki habarlar