"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sanly ulgama daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda döwlet dolandyryşynyň we jemgyýetçilik gurluşynyň ähli ulgamlaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak bilen sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet dolandyryşy ulgamynyň kämilligini gazanmak üçin bu ulgamyň kanunçylyk esaslaryny hem häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň esasynda döwrebaplaşdyrmak wajyp bolup durýar. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary ulanyp, elektron dolanyşyk arkaly adamlara edilýän hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi kabul edilýän döwrebap kanunlar arkaly düzgünleşdirilýär. Olaryň hatarynda 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda kabul edilen «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. Kanun Elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrdaky ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Kanun 28 maddadan ybarat bolup, öz içine 5 baby alýar. Umumy düzgünler babynda esasy düşünjeler, Elektron hökümet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy, wezipeler hem-de ýörelgeler kesgitlenendir. Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda Elektron hökümet — maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki we ýuridik ş

Tehnologiýalar äleminde

Gymmat bahaly taslama Saud Arabystany bahasy 1 trillion dollara barabar täsin gurluşyk taslamasyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu taslamada uzynlygy 100 kilometrden geçýän, her biriniň beýikligi hem 487 metr bolan 2 sany ugurdaş gidýän binalaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. «Neom» diýlip atlandyrylýan bu täsin gurluşyk desgasy ýurduň demirgazyk-günbatarynda gurlar. Ugurdaş gidýän binalaryň daş ýüzi durşuna aýna bilen örtülip, onuň iç ýüzünde ulag, aragatnaşyk we hojalyk üçin gerek bolan ähli düzümler hereket eder. Gurluşyk desgasynda guruljak ýokary tizlikli otly gatnawy ýaşaýjylary şäheriň bir çetinden başga bir çetine 20 minutda elter. Şeýle hem, bu binada ýaşaýjylaryň gündelik sarp edýän azyk önümleri hem wertikal usulda ösdüriler. Bu täsin gurluşyk desgasynda 5 million ilatyň ýaşamagy göz öňünde tutulýar. Taslamany taýýarlan hünärmenleriň bellemeklerine görä, gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmek 50 ýyla golaý döwri alar.

“Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň täze Kanuny kabul edildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyza ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary giňden ornaşdyrylyp, sanly ulgama geçmegiň ileri tutulýan ugurlarynda ýokary ykdysady netijeler gazanylýar. Şu günki günde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalary döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan binalarda sanly ulgamyň gerimini giňeltmek we hilni ýokarlandyrmak boýunça işleri tapgyrlaýyn durmuşa geçirýär.

Täze gaýyk işe başlady

«Open Ocean Engineering» şereketi 2020-nji ýylda ummanlardaky galyndylary we plastik zyňyndylary toplamak üçin awtomatik ýagdaýda işleýän gaýyk ýasandygyny habar beripdi. Geçen ýyl bolsa, şereket «Razer» şereketi bilen bilelikde has döwrebap gaýyk öndürendiklerini mälim etdi. «Clearbot» diýlip atlandyrylan bu gaýyk ýakynda işe başlady. 200 kilograma çenli plastik zibil ýygnap bilýän bu gaýyk bir günüň dowamynda 1 tonna çenli zibil ýygnap bilmek mümkinçiligine eýe. «LIDAR» sensorlary bilen üpjün edilen gaýyk 1 gezeklik zarýad bilen 4 sagada çenli işläp bilýär.

Türkmenistanyň «Elektron hökümet hakynda» Kanuny güýje girdi

Türkmenistanda 29-njy iýulda «Elektron hökümet hakynda» Kanun güýje girdi. Kanun «Türkmenistan» gazetinde türkmen, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde rus dillerinde çap edildi. Täze Kanun 5 bapdan we 28 maddadan ybaratdyr. Kanun elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Dynç alyş döwründe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda ummasyz işleri durmuşa geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek maksady bilen, raýatlarymyzyň tomusky dynç alyş möwsümini has-da gowy geçirmegi, oňat dynç almagy üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň wagtlaýyn tertibi tassyklanyldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, ähli pudaklara degişli bolan edara-kärhanalardyr guramalar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan hem degişli işler alnyp barylýar. Gullugyň resmi internet-saýtynyň onlaýn hyzmatlar bölüminde raýatlaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gidip-gelmekleri üçin elektron rugsatnama resmileşdirmek mümkinçiligi döredildi. Munuň özi ildeşlerimiziň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, wagtlaryny tygşytlamaga ýardam eder. Şeýle hem şol ýerde elektron rugsatnamany resmileşdirmegiň düzgünleri bilen tanyşdyrýan ýörite wideoşekiller ýerleşdirildi. Ulgam raýatlar üçin düşnükli bolar ýaly, sada görnüşde taýýarlanyldy.

Sanly ykdysadyýetiň hukuk üpjünçiligi

Sanly ykdysadyýet — sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmaga esaslanýan, durmuş-ykdysady we guramaçylyk-tehniki gatnaşyklaryň ulgamy. Onuň ösdürilmegi halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, sanly giňişlikde subýektleriň özara ylalaşykly hereketini üpjün edýän düzümiň döremegine getirýär. Döwletimiziň kanunçylygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny dürli jähetlerde kadalaşdyrýan hukuk namalary hereket edýär. Esasy Kanunymyzda ýurdumyzyň ykdysady ulgamy bilen bagly amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli özgertmeleriň hukuk esaslary berkidilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar» diýlip kesgitlenilýär. Bu konstitusion kadalar «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda giňişleýin beýanyny tapýar. Bu kadalar pudaklaýyn kanunçylykda ulgamlaýyn düzgünleşdirilip, has-da berkidilýär.

GPON tehnologiýasy – sanly ulgamlary ösdürmek üçin AŞTU tarapyndan ileri tutulýan ugur

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdydayýetini mundan beýläk hem pajarlap ösmegi üçin sanly ulgamlary giňden ornaşdymak we bu ugurdan dünýä tejribesini biziň ýurdumyzda özleşdirmek barada berýän anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, AŞTU paýtagtymyzyň telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmekde optiki-süýümli, şol sanda GPON görnüşindäki maglumat geçiriş torlaryny gurmagyň gerimini ýaýbaňlandyrýar. Paýtagtymyzyň Taslama köçesiniň ugrundaky 56 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlardaky 2 100 sany öýlere we olaryň aşaky gatlaryndaky işewür ofislere, dükanlara GPON tehnologiýasy arkaly telekommunikasiýa hyzmatlaryny amala aşyrmak üçin optiki-süýümli kabelleri çekmek işleri doly tamamlandy. 

«Akyl­ly şä­her» we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar

XXI asyryň häsiýetli aýratynlygy bolan sanly tehnologiýalar adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna ymykly ornaşdy. Häzirki zaman adamzat siwilizasiýasyny şol «akylly» tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek kyn. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy möhüm ugur hökmünde kesgitledi. Munuň bilen bagly geljegi nazarlaýan birnäçe maksatnamalar, konsepsiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýete geçmekde milli intellektual tehnologiýalar (IT) ulgamyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek hem-de bu ugurlarda halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Jemgyýetiň düzümleri bolan döwletiň, hususy bölegiň, raýatlaryň we IT bileleşikleriniň ählisiniň sanly ykdysadyýete çekilmegini üpjün etmek esasy talaplara öwrülýär. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetiň sanly gurşawa bolan ynamynyň artmagyny gazanmakda maglumat we innowasion tehnologiýalaryň maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenýär.

Tehnologiýalar äleminde

Ýokary tizlikli ýolagçy uçarlary Golaýda ABŞ-nyň «Boom Supersonic» kompaniýasy özüniň 2029-njy ýylda gatnaw hyzmatlaryna ornaşdyrmagy meýilleşdirýän «Overture» ýokary tizlikli ýolagçy uçarynyň täze taslamasy bilen tanyşdyrdy. Berilýän maglumatlara görä, bu nyşan bilen öndüriljek uçaryň tizlik babatda häzirki wagtda ulanyşda bolan öňdebaryjy «Concorde»-niň ýerini eýelemegine garaşylýar. «Overture» adaty ýolagçy uçarlaryndan iki esse ýokary, ýagny sagatda 2100 kilometr (Mach 1.7) tizlik bilen uçar. Uzynlygy 61 metr, beýikligi 11 metr we ganat giňişligi 32 metr görnüşinde taýýarlanylýan bu nusgada ilkinji gezek awtomatik ýagdaýda uçuş seslerini azaltmaga niýetlenen ulgam ornaşdyrylar we ol howa ýollary hyzmatlarynyň islegine görä 65 we 80  ýolagça niýetlenen görnüşde öndüriler. Kompaniýa ýolagçy uçarynyň 2024-nji ýyla çenli önümçiligine, 2026-njy ýyla çenli bolsa uçuş synaglaryna başlamagy meýilleşdirýär. Ulanylyşa girizilmegine heniz köp wagtyň bardygyna garamazdan, «Boom Supersonic» täze nusganyň gatnaw hyzmatlary babatda «United Airlines» we «Japan Airlines» bilen şertnama baglaşdy.

Ýurdumyzda multimedia žurnalistikasynyň kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berilýär

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň kämilleşdirilýän döwründe ýurdumyzda multimedia žurnalistikasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gün metbugat habar beriş serişdeleri özgeriş tapgyryny başdan geçirip, onuň ahyrky maksady häzirki sanly media gurşawa uýgunlaşmak boldy. Amerikaly mediaçy Uorren Baffet baryp 2009-njy ýylda täzelik häsiýetli döwürleýin metbugat neşirleri üçin üýtgeşik geljegiň ýokdugyny aýdýar. Ine, bu gün bolsa, žurnalistikada habarlary täze görnüşde bermegiň dessinliginiň ilkinji hatara çykýan döwründe biz şol sözleriň hakykatlygyna göz ýetirýäris. urnalistikany multimedialaşdyrmagyň gözbaşyny taryhyň jümmüşinde görmek bolýar, şonda adamyň habar bermek babatda dürli ugurlary we tärleri yzygiderli utgaşdyrmak hyýaly ösüp başlaýar. Munuň şeýledigine Gadymy Rimdäki protožurnalistikanyň häsiýeti aýdyň şaýatlyk edýär. Şonda ilkinji habarlar (afişalar, bildirişler) daşyň, misiň we mermeriň ýüzünde oýulyp ýazylypdyr ýa-da şonuň üçin niýetlenen jaýlaryň ýörite agardylan diwarlarynda, agaç tagtalarda ýazylypdyr. Şonuň ýaly habar beriş serişdeleri ýazgydan başga-da, suratlary we barelýefleri hem öz içine alypdyr, bu bolsa, habar bermegiň dürli platformalarynyň ulanylandygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, kommunikasiýalaryň azyndan ikisiniň — ýazuw we wizual görnüşleriniň ulanylandygyna şaýatlyk edýär.

Sanly žurnalistika boýunça okuwlar

19 — 22-nji iýul aralygynda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda ýaş žurnalistler üçin sanly žurnalistika boýunça tomusky okuw sapaklary geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däp bolan okuw sapaklara ýurdumyzda çap edilýän döwürleýin neşirleriň, internet saýtlarynyň hem-de habarlar agentlikleriniň wekilleri, žurnalistika hünäri boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdy. Okuw sapaklaryny sanly ulgam arkaly russiýaly we polşaly hünärmenler geçdiler. Sapaklaryň dowamynda olara gatnaşyjylara häzirki zaman žurnalistikasyndaky özgerişler, ösüş ugurlary, okyjylary gyzyklandyrmagyň usullary, döwrebap media serişdeleri, habarlar we makalalar üçin suratlarydyr wideolary saýlap almagyň ýollary, düşündiriji žurnalistika, ykjam žurnalistika we beýlekiler barada giňişleýin düşündirildi. Temalaryň sowal-jogaplar bilen berkidilmegi olaryň täsirliligini artdyrdy.

Smartfon satuwynda birinji

«Canalys » kompaniýasynyň taýýarlan maglumatyna görä, «Samsung » kompaniýasy dünýäde smartfon satuwynda öňdeligini dowam etdirýär. Şu ýylyň ikinji çärýeginde bütin dünýäde satylan «akylly » telefonlaryň 21 göterimini «Samsung » emele getiripdir. Kompaniýanyň şeýle üstünligi gazanmagynda has arzan bahaly bolan «Galaxy A» seriýasynyň täsiriniň uludygy bellenilýär. Maglumata görä, «Apple » kompaniýasynyň telefonlary bazaryň 17 göterimini emele getirip, ikinji bolupdyr. Amerikan brendiniň satuwynyň artmagyna «iPhone 13» smartfonyna bolan islegiň ýokary bolmagynyň täsiri uly bolupdyr. Hytaýyň «Xiaomi », «Oppo » we «Vivo» kompaniýalary degişlilikde, üçünji, dördünji we bäşinji ýerleri eýeläpdir. Bu kompaniýalaryň bazardaky paýy degişlilikde 14 göterim, 10 göterim we 9 göterim bolupdyr. Şu ýylyň ikinji çärýeginde umumy telefon satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9 göterim pese gaçypdyr.

San­ly ul­gam – döw­rüň ta­la­by

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 In­ter­ne­tiň ha­bar­lar ul­ga­my­na Türk­me­nis­ta­nyň gat­naş­ma­gy­ny gi­ňelt­mek, elekt­ron ne­şir­le­riň ma­ha­ba­tyn­dan gir­de­ji al­mak, saýt­la­ry hem-de beý­le­ki web-se­riş­de­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da­ky we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly ta­ra­pyn­dan de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­di. «Türk­me­nis­tan­da 2020–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­me­giň çä­gin­de «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň «7/24.tm» at­ly hep­de­lik elekt­ron go­şun­dy­sy her hep­dä­niň du­şen­be gü­ni oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­ýär. On­da­ky ma­te­ri­al­lar türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de taý­ýar­la­ny­lyp, her bir ma­ka­la, ha­bar žur­na­lis­ti­ka­nyň döw­re­bap ta­lap­la­ryn­dan ugur al­ýar.

Tehnologiýalar äleminde

«Hyundai» täze awtoulaglary hödürlär Soňky ýyllarda elektrik awtoulaglarynyň ýaýrawy giň gerim alýar. Günorta Koreýanyň «Hyundai» awtoulag kompaniýasy hem bu ugurdaky önümçiligini güýçlendirmegi maksat edinýär. Degişli hünärmenleriň habar bermegine görä, kompaniýa 2023-nji ýylda häzirki wagtda önümçilikde ýer alýan CUV «Ioniq  5» elektrik awtoulagynyň ýokary tizlikli görnüşi bolan «Ioniq 5N»-i satuwa goýbermegi meýilleşdirýär. Bu «N» nyşanynyň ilkinji ýokary tizlikli awtoulagy bolar. Kompaniýanyň heniz önümçilikde ýer almagy hakynda doly netijä gelinmedik täze «RN22e» we «N Vision 74» modelleriniň hem taslamalarynyň taýýarlanylýandygy habar berildi. Ýeri gelende bellesek, «Mercedes-Benz», «BMW» ýaly öňdebaryjy awtoulag kompaniýalary bilen bäsdeşligi güýçlendirmäge niýetlenen «N» nyşany öz adyny «Hyundai» kompaniýasynyň önümçilik merkeziniň awtoulaglary synagdan geçirýän ýeri bolan, Germaniýada ýerleşýän «Nürburgring» ýaryş meýdançasynyň ilkinji harpyndan alýar.

Energetika pudagynyň rowaç menzilleri

Häzirki zaman dünýä jemgyýetçiliginde bagtyýar, eşretli ýaşaýşy energetika pudagyndan aýrybaşgalykda göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Sebäbi bu gün energiýa serişdeleri bilen herekete gelýän abzallar, enjamlar biziň gündelik durmuşymyza howa ýaly möhüm bolup dur. Bir söz bilen aýtsak, energetika pudagy bolmasa, öňe bir ädim ätmegem çetin. Şeýle nukdaýnazardan ugur alnyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň energetika syýasaty beýik başlangyçlary nazarlap, rowaç menzilleri külterleýär. Döwlet syýasatyny ruhubelentlige beslän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem eziz ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny gülletmäge, dünýä şan berjek ösüşlere ýaran etmäge derwaýys üns berilýär. Ine, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 20-nji iýulynda — düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda möhüm desganyň — Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi hem şu günümizi şana, geljegimizi zerewşana öwren ädimleriň nobatdakysydyr. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen konsorsiumyň düzümine girýän «Çalyk Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.» kompaniýalarynyň alyp baran gurluşyk işleriniň netijesinde binýat bolan bu iri des

Kazyýet ulgamy: sanly tehnologiýalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylmyň dürli ugurlaryny döwrebap ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek wezipeleri öňe sürülýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda ähli ulgamlaryň ylma esaslanyp, innowasiýa çemeleşmelerinden ugur alnyp ösdürilmegine mümkinçilik döredýär.

«Akylly» eşikler adamlaryň hereketlerini yzarlap biler

Massaçusets tehnologiýa institutynyň (ABŞ) professorlary «akylly» dokma önümlerini döretdiler. Bu dokma önüminden öndürilen eşikler hereketleri kesgitlemäge ukyplydyr. Alymlar modelleri döretmek üçin sanly trikotaž enjamdan peýdalanypdyrlar. «Akylly» dokma önümleri gysylanda garşylygy üýtgedýän adaty we köp wezipeli ýüplüklerden ybarat bolan matadan dokalýar. «3DKnITS» diýlip atlandyrylýan köp gatly material köp sanly hereket datçikleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze tehnologiýa çylşyrymly şekilli önümleri-de, ýagny islendik ölçegdäki aýaklaryň takyk ululygyna kybap gelýän joraplary öndürmäge mümkinçilik berýär.

«Xiaomi» awgustda ilkinji elektroulagyny hödürlär

«Xiaomi» kompaniýasy ilkinji elektrik ulagynyň prototipini awgust aýynda hödürlär. Geçen ýyl «Xiaomi» awtoulag bölümini ösdürmek üçin 10 milliard dollar maýa goýupdy. «Xiaomi» awtoulag öndürýän zawody Ýizhuangzhende gurlar. Ol ýerde kompaniýanyň gözleg we ösüş merkezi hem ýerleşer. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 300 müň awtoulag öndürmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de bolsa, başlangyç etapda zawodda ýylda 150 müňe golaý awtoulag öndürmek meýilleşdirilýär.

Döwletliligimiziň altyn şuglasy

Ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň gurluşygy üstünlikli dowam edýär Milli Liderimiz 2019-njy ýylyň 4-nji martynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirip, ýurdumyzda täze şäheri — Ahal welaýatynyň edara ediş merkezini gurmak hakyndaky taryhy Karara gol çekdi. Şondan bir aý gowrak wagt geçenden soň, 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geljegi parlak şol şäheriň düýbi tutuldy.