«Xiaomi» awgustda ilkinji elektroulagyny hödürlär

17 Iýul 2022
875

«Xiaomi» kompaniýasy ilkinji elektrik ulagynyň prototipini awgust aýynda hödürlär.

Geçen ýyl «Xiaomi» awtoulag bölümini ösdürmek üçin 10 milliard dollar maýa goýupdy. «Xiaomi» awtoulag öndürýän zawody Ýizhuangzhende gurlar. Ol ýerde kompaniýanyň gözleg we ösüş merkezi hem ýerleşer. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 300 müň awtoulag öndürmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de bolsa, başlangyç etapda zawodda ýylda 150 müňe golaý awtoulag öndürmek meýilleşdirilýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Bahar Hajyýewa,
Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar