Tehnologiýalar äleminde

3 Awgust 2022
845

Gymmat bahaly taslama

Saud Arabystany bahasy 1 trillion dollara barabar täsin gurluşyk taslamasyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu taslamada uzynlygy 100 kilometrden geçýän, her biriniň beýikligi hem 487 metr bolan 2 sany ugurdaş gidýän binalaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. «Neom» diýlip atlandyrylýan bu täsin gurluşyk desgasy ýurduň demirgazyk-günbatarynda gurlar. Ugurdaş gidýän binalaryň daş ýüzi durşuna aýna bilen örtülip, onuň iç ýüzünde ulag, aragatnaşyk we hojalyk üçin gerek bolan ähli düzümler hereket eder. Gurluşyk desgasynda guruljak ýokary tizlikli otly gatnawy ýaşaýjylary şäheriň bir çetinden başga bir çetine 20 minutda elter. Şeýle hem, bu binada ýaşaýjylaryň gündelik sarp edýän azyk önümleri hem wertikal usulda ösdüriler. Bu täsin gurluşyk desgasynda 5 million ilatyň ýaşamagy göz öňünde tutulýar. Taslamany taýýarlan hünärmenleriň bellemeklerine görä, gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmek 50 ýyla golaý döwri alar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Begli ABDYKADYROW, žurnalist.
Beýleki habarlar