Tehnologiýalar äleminde

20 Iýul 2022
959

«Hyundai» täze awtoulaglary hödürlär

Soňky ýyllarda elektrik awtoulaglarynyň ýaýrawy giň gerim alýar. Günorta Koreýanyň «Hyundai» awtoulag kompaniýasy hem bu ugurdaky önümçiligini güýçlendirmegi maksat edinýär. Degişli hünärmenleriň habar bermegine görä, kompaniýa 2023-nji ýylda häzirki wagtda önümçilikde ýer alýan CUV «Ioniq  5» elektrik awtoulagynyň ýokary tizlikli görnüşi bolan «Ioniq 5N»-i satuwa goýbermegi meýilleşdirýär. Bu «N» nyşanynyň ilkinji ýokary tizlikli awtoulagy bolar. Kompaniýanyň heniz önümçilikde ýer almagy hakynda doly netijä gelinmedik täze «RN22e» we «N Vision 74» modelleriniň hem taslamalarynyň taýýarlanylýandygy habar berildi. Ýeri gelende bellesek, «Mercedes-Benz», «BMW» ýaly öňdebaryjy awtoulag kompaniýalary bilen bäsdeşligi güýçlendirmäge niýetlenen «N» nyşany öz adyny «Hyundai» kompaniýasynyň önümçilik merkeziniň awtoulaglary synagdan geçirýän ýeri bolan, Germaniýada ýerleşýän «Nürburgring» ýaryş meýdançasynyň ilkinji harpyndan alýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar