«Akylly» eşikler adamlaryň hereketlerini yzarlap biler

17 Iýul 2022
923

Massaçusets tehnologiýa institutynyň (ABŞ) professorlary «akylly» dokma önümlerini döretdiler. Bu dokma önüminden öndürilen eşikler hereketleri kesgitlemäge ukyplydyr.

Alymlar modelleri döretmek üçin sanly trikotaž enjamdan peýdalanypdyrlar. «Akylly» dokma önümleri gysylanda garşylygy üýtgedýän adaty we köp wezipeli ýüplüklerden ybarat bolan matadan dokalýar. «3DKnITS» diýlip atlandyrylýan köp gatly material köp sanly hereket datçikleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze tehnologiýa çylşyrymly şekilli önümleri-de, ýagny islendik ölçegdäki aýaklaryň takyk ululygyna kybap gelýän joraplary öndürmäge mümkinçilik berýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Ogulnabat WELBAÝRAMOWA,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar