Ýurdumyzda multimedia žurnalistikasynyň kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berilýär

25 Iýul 2022
945

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň kämilleşdirilýän döwründe ýurdumyzda multimedia žurnalistikasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gün metbugat habar beriş serişdeleri özgeriş tapgyryny başdan geçirip, onuň ahyrky maksady häzirki sanly media gurşawa uýgunlaşmak boldy. Amerikaly mediaçy Uorren Baffet baryp 2009-njy ýylda täzelik häsiýetli döwürleýin metbugat neşirleri üçin üýtgeşik geljegiň ýokdugyny aýdýar. Ine, bu gün bolsa, žurnalistikada habarlary täze görnüşde bermegiň dessinliginiň ilkinji hatara çykýan döwründe biz şol sözleriň hakykatlygyna göz ýetirýäris.

urnalistikany multimedialaşdyrmagyň gözbaşyny taryhyň jümmüşinde görmek bolýar, şonda adamyň habar bermek babatda dürli ugurlary we tärleri yzygiderli utgaşdyrmak hyýaly ösüp başlaýar. Munuň şeýledigine Gadymy Rimdäki protožurnalistikanyň häsiýeti aýdyň şaýatlyk edýär. Şonda ilkinji habarlar (afişalar, bildirişler) daşyň, misiň we mermeriň ýüzünde oýulyp ýazylypdyr ýa-da şonuň üçin niýetlenen jaýlaryň ýörite agardylan diwarlarynda, agaç tagtalarda ýazylypdyr. Şonuň ýaly habar beriş serişdeleri ýazgydan başga-da, suratlary we barelýefleri hem öz içine alypdyr, bu bolsa, habar bermegiň dürli platformalarynyň ulanylandygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, kommunikasiýalaryň azyndan ikisiniň — ýazuw we wizual görnüşleriniň ulanylandygyna şaýatlyk edýär.

Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Beýleki habarlar