Sanly žurnalistika boýunça okuwlar

25 Iýul 2022
921

19 — 22-nji iýul aralygynda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda ýaş žurnalistler üçin sanly žurnalistika boýunça tomusky okuw sapaklary geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däp bolan okuw sapaklara ýurdumyzda çap edilýän döwürleýin neşirleriň, internet saýtlarynyň hem-de habarlar agentlikleriniň wekilleri, žurnalistika hünäri boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdy.

Okuw sapaklaryny sanly ulgam arkaly russiýaly we polşaly hünärmenler geçdiler. Sapaklaryň dowamynda olara gatnaşyjylara häzirki zaman žurnalistikasyndaky özgerişler, ösüş ugurlary, okyjylary gyzyklandyrmagyň usullary, döwrebap media serişdeleri, habarlar we makalalar üçin suratlarydyr wideolary saýlap almagyň ýollary, düşündiriji žurnalistika, ykjam žurnalistika we beýlekiler barada giňişleýin düşündirildi. Temalaryň sowal-jogaplar bilen berkidilmegi olaryň täsirliligini artdyrdy.

«Watan».
Beýleki habarlar