Sanly ykdysadyýetiň hukuk üpjünçiligi

29 Iýul 2022
950

Sanly ykdysadyýet — sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmaga esaslanýan, durmuş-ykdysady we guramaçylyk-tehniki gatnaşyklaryň ulgamy. Onuň ösdürilmegi halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, sanly giňişlikde subýektleriň özara ylalaşykly hereketini üpjün edýän düzümiň döremegine getirýär.

Döwletimiziň kanunçylygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny dürli jähetlerde kadalaşdyrýan hukuk namalary hereket edýär. Esasy Kanunymyzda ýurdumyzyň ykdysady ulgamy bilen bagly amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli özgertmeleriň hukuk esaslary berkidilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar» diýlip kesgitlenilýär. Bu konstitusion kadalar «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda giňişleýin beýanyny tapýar. Bu kadalar pudaklaýyn kanunçylykda ulgamlaýyn düzgünleşdirilip, has-da berkidilýär.

Gurban MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar