Smartfon satuwynda birinji

22 Iýul 2022
932

«Canalys » kompaniýasynyň taýýarlan maglumatyna görä, «Samsung » kompaniýasy dünýäde smartfon satuwynda öňdeligini dowam etdirýär. Şu ýylyň ikinji çärýeginde bütin dünýäde satylan «akylly » telefonlaryň 21 göterimini «Samsung » emele getiripdir. Kompaniýanyň şeýle üstünligi gazanmagynda has arzan bahaly bolan «Galaxy A» seriýasynyň täsiriniň uludygy bellenilýär. Maglumata görä, «Apple » kompaniýasynyň telefonlary bazaryň 17 göterimini emele getirip, ikinji bolupdyr. Amerikan brendiniň satuwynyň artmagyna «iPhone 13» smartfonyna bolan islegiň ýokary bolmagynyň täsiri uly bolupdyr. Hytaýyň «Xiaomi », «Oppo » we «Vivo» kompaniýalary degişlilikde, üçünji, dördünji we bäşinji ýerleri eýeläpdir. Bu kompaniýalaryň bazardaky paýy degişlilikde 14 göterim, 10 göterim we 9 göterim bolupdyr. Şu ýylyň ikinji çärýeginde umumy telefon satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9 göterim pese gaçypdyr.

Beýleki habarlar