Täze gaýyk işe başlady

2 Awgust 2022
888

«Open Ocean Engineering» şereketi 2020-nji ýylda ummanlardaky galyndylary we plastik zyňyndylary toplamak üçin awtomatik ýagdaýda işleýän gaýyk ýasandygyny habar beripdi. Geçen ýyl bolsa, şereket «Razer» şereketi bilen bilelikde has döwrebap gaýyk öndürendiklerini mälim etdi. «Clearbot» diýlip atlandyrylan bu gaýyk ýakynda işe başlady.

200 kilograma çenli plastik zibil ýygnap bilýän bu gaýyk bir günüň dowamynda 1 tonna çenli zibil ýygnap bilmek mümkinçiligine eýe. «LIDAR» sensorlary bilen üpjün edilen gaýyk 1 gezeklik zarýad bilen 4 sagada çenli işläp bilýär.

Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.
Beýleki habarlar