Sanly ulgama daýanyp

3 Awgust 2022
784

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda döwlet dolandyryşynyň we jemgyýetçilik gurluşynyň ähli ulgamlaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak bilen sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet dolandyryşy ulgamynyň kämilligini gazanmak üçin bu ulgamyň kanunçylyk esaslaryny hem häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň esasynda döwrebaplaşdyrmak wajyp bolup durýar. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary ulanyp, elektron dolanyşyk arkaly adamlara edilýän hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi kabul edilýän döwrebap kanunlar arkaly düzgünleşdirilýär. Olaryň hatarynda 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda kabul edilen «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. Kanun Elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrdaky ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Kanun 28 maddadan ybarat bolup, öz içine 5 baby alýar. Umumy düzgünler babynda esasy düşünjeler, Elektron hökümet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy, wezipeler hem-de ýörelgeler kesgitlenendir. Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda Elektron hökümet — maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki we ýuridik şahslar üçin döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň we tehniki serişdeleriň ulgamy bolup durýar.

Arslan MÄMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar