"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen alabaýlaryny iýmitlendirmegiň aýratynlyklary

Ýurdumyzda indi birnäçe ýyldan bäri oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy döwlet derejesinde uly toý-baýrama beslenip, bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli eziz Diýarymyza daşary ýurtlardan tejribeli itşynaslar, kinologiýa ylmyny öwrenijiler we alymlar gelýärler. Olar ýurdumyzda döredilip, birnäçe ýyldan bäri hereket edýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy tarapyndan geçirilýän maslahata hem-de dürli görnüşli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýarlar. Türkmen alabaýlary halkymyzyň milli gymmatlygydyr. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, merjen paýtagtymyz Aşgabatda halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi, bu halkara jemgyýetçilik guramasynyň welaýatlarymyzda merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ylaýta-da, ýurdumyzda milli buýsanjymyz bolan wepadar türkmen alabaýlarymyzy saklamaga, idetmäge, ösdürip ýetişdirmäge we geljekki nesillerimize ýetirmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi buýsançlydyr.

Gadymy «Goçak» nagşy

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda milli medeniýete, sungata uly üns berilýär we olary geljekki nesillere ýetirmek üçin ähli şertler döredilýär. Islendik beýleki gymmatlyklar ýaly, gadymy adamlaryň sungaty hem özüni döreden halkyň dünýägaraýşy hakynda maglumat berýär. Irki zamanlar barada ýazuw çeşmeleriniň juda azlygy arheologik maglumatlaryň gymmatyny has-da artdyrýar, olary gadymy jemgyýeti öwrenmekde wajyp gurala öwürýär. Şeýle bahasyna ýetip bolmajak hakyky taryhy subutnamalaryň biri-de küýzegärçilik, ýagny keramika sungatydyr. Medeni gymmatlyklaryň sungat derejesine ýetirilen senetleriniň öwrenilmegi bolsa, ýurdumyzyň taryhynyň täze sahypalaryny dikeltmäge ýardam edýär. Gözbaşyny Jeýtun medeniýetinden ýa-da b.e.öňki VI müňýyllykdan alyp gaýdýan küýzegärçiligiň, şeýle hem reňkiň oýlanylyp tapylmagy, keramikada we diwar ýüzünde ilkinji nagyşlaryňdyr suratlaryň emele gelmegi şol döwrüň örän möhüm üstünligidir. Haly nagyşlaryny ýatladýan geometrik alamatlar keramikanyň ýüzünde eýýäm eneolit zamanynda ýa-da Änew medeniýeti döwründen — b.e.öňki V müňýyllykdan bäri bellidir.

Milli buýsanjymyz, alabaý

Türkmen alabaý itleri halkymyzyň edil ahalteke bedewi, saryja goýunlary, arwana düýeleri ýaly, dünýä gymmatlyklarynyň sanawyna goşan, milli gymmatlyklarymyzyň gönezligine deňelýän ajaýyplyklarynyň biridir. Käbir maglumatlara görä, türkmen alabaýlarynyň gelip çykyşynyň bäş müň ýyllyk taryhy bar. Munuň özi arassa ganly türkmen itleriniň Oguzhan atamyzyň döwründe-de bolandygyny aňladýar. Elbetde, her halkyň hem öz itlerine garaýşy ýokarydyr. Ýöne gazan kelle, läheň göwre, aýy penje, şir ýüreklilik, gaýduwsyzlyk, öz eýesine wepadarlyk diňe türkmen alabaýlaryna mahsusdyr. Munuň şeýledigine halk arasynda itler bilen baglanyşykly bolan, dürli döwürlerde dörän nakyllardyr aýtgylar hem doly güwä geçýär. Parasatly pederlerimiz «It geldi — gut geldi» diýmek bilen, gapydan itiň gelmegini ýagşylyga ýorupdyrlar. «gut» gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt, rowaçlyk manylaryny aňladýar. Ýene-de halk arasyndaky «Itim bar — gutum bar», «It — ata çeker, är — daýa», «It wepa» ýaly aýtgylar halkymyzyň öz arassa ganly alabaýlaryna çäksiz sylag-hormat, egsilmez buýsanç bilen garandyklaryndan habar berýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilendigini we onuň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap merkezleriniň açylandygyny aýratyn bellemek gerek. Şol merkezlerde zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamak maksadynda S.A.Nyýazow adynda

Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy

Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemäge görülýän taýýarlygyň çäklerinde «Magtymguly Pyragy — şahyrana şahsyýet» atly maslahat geçirildi. Oňa döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyz, bilim işgärleri we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi, onuň şygyrlarynyň ýaş nesle edep-terbiýe bermekdäki ähmiýeti dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Döwürdeş ýazyjylarymyz gündogaryň akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanyp çap edilen kitaplar, şahyryň goşgularynyň dünýä halklarynyň dillerine terjime edilişi dogrusynda söz açyp, beýik watançylygy, zähmetsöýerligi, hoşsözlüligi ündeýän şygyrlaryň asyrlarboýy gymmatyny ýitirmeýändigini nygtadylar. Etrabymyzyň mekdep okuwçylary Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan goşgulary, nutuklary, taýýarlan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. Maslahatyň çäginde şahyryň eserleriniň sergisi hem guraldy. Maslahata gatnaşyjylar beýik şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmek, ony dünýä ýaýmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

«Mähirli zenan» Pekin şäherinde geçirilýän «Maddy däl medeni miras hepdeligi» atly halkara sergä gatnaşýar

Halkara gatnaşyklaryň ýygjamlaşýan häzirki zaman dünýäsi medeni mirasy, milli gymmatlyklary äleme äşgär etmäge ilgezik. Şu maksat bilen dünýäniň dürli künjünde guralýan halkara sergilerdir maslahatlaryň, forumlaryň hersiniň uly ähmiýeti bardyr. 22 – 25-nji oktýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde geçirilýän «Maddy däl medeni miras hepdeligi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň düzüminde «Mähirli zenan» hususy kärhanasynyň bolmagy hem-de sergide kärhananyň ezber gelin-gyzlarynyň elinden çykan naýbaşy önümleriniň görkezilmegi türkmen zenanynyň baý ruhy dünýäsiniň, ukypdyr başarnygynyň äleme ýaň salmasydyr. Bizem alys ýerlerde türkmen milli gymmatlyklaryny, eli hünärli gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslaryny, dürli görnüşli el işlerini bu halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara tanyşdyrýan «Mähirli zenan» hususy kärhanasy barada bilýänlerimizi okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul hasapladyk. Hawa, zenan kalbynyň näzik duýgularynyň beýany bolan nepis halylar, sünnä keşdelerdir dürli görnüşli el işleri türkmen gelin-gyzlarynyň tebigy zehininden gözbaş alýandyr. Asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň içinde zenan dünýäsiniň täsinligini, jadylaýjy gudratyny açyp görkezýän gelin-gyzlarymyzyň lybaslary özboluşly gözelligi, nepisligi bilen tapawutlanýar. Gözüň ýagyny iýip barýan, tebigaty

Milli itşynaslygyň kämil nusgasy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň sanynyň köpeldilmegine hem-de seçgiçilik işleriniň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Itleriň biziň günlerimize çenli gelip ýeten bu kämil tohumynyň taryhyny, olaryň aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek, türkmen alabaýlarynyň gymmatly genofondyny kemala getirmek, itşynaslygyň umumy medeniýetini ýokarlandyrmak, onuň usulyýet üpjünçiligi üçin ähli şertler döredildi. Milli itşynaslygyň ajaýyp ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde, türkmenleriň müňýyllyklaryň dowamynda wepaly hemrasy bolan alabaýlary Ýer ýüzünde giňden wagyz etmekde milli türkmen itşynaslarymyza aýratyn orun degişlidir. Türkmeniň alabaý iti adamzat döräli bäri halkyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup hyzmat edip gelipdir. Müňýyllyklaryň dowamynda çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz ymgyr Garagumuň sähralygynda goýun-geçi bakyp, olary köpeldip, ösdürip ýetişdirmek we ýyrtyjy haýwanlardan gorap saklamak üçin gaýduwsyz, wepaly, batyr, hüşgär, örän düşbi goýun itlerini-alabaýlary döredipdirler. Halkymyz bu ugurda ýüzýyllyklara daýanýan itleri seçip-saýlamak, köpeltmek we kämilleşdirmek babatynda baý tejribe toplapdyrlar. Alabaýlar goýun sürüsini goramakda we bakmakda çopan durmuşynyň möhüm zerurlygy bolupdyr. Türkmen

Garly pälwanly gürrüňler

Türkmen topragy – pälwanlaryň mekany. Merdana gerçek ýigitlerimiz, ýagyrnylary ýere degmedik pälwanlarymyz hakyndaky gürrüňlerem il arasynda ýyllardan-ýyllara, nesillerden-nesillere geçip gelýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda Kuraş boýunça geçiriljek dünýä çempionatynyň barha golaýlaşýan häzirki günlerinde şeýle pälwanlarymyz hakynda söhbet etmegiň özem kalbyňda buýsançly hem ýakymly duýgulary oýarýar. Gadymy Balkan topragynda hem pälwançylykda nusga görkezen adamlar barmak büküp sanardan köpdür. Annadurdy Ýagsoran, Muhammet pälwan, Salar pälwan, Nepes pälwan, Teke gyzyl, Orazdurdy torköýnek, Agamyrat pälwan, Garly pälwan, Handurdy pälwan, Derýa pälwan ýaly saýyrdyň ýigitleriň pälwançylyk ýoly gürrüň berenlere-de, ony diňlänlere-de nusgalykdyr. Şeýle atly-abraýly pälwanlaryň biri-de häzirki Bereket etrabynyň Ajyguýy obasynyň töwereklerinde ýaşap geçen Garly pälwandyr. Bu pälwan hakynda merhum žurnalist Gurbanberdi Goýunlyýewiň toplan maglumatlary esasynda gürrüň berjek wakalarymyz sizi biparh goýmaz diýip umyt edýäris. Söhbedini etmekçi bolýan pälwanymyzyň kakasyna Nazguly hajy diýlip, onuň örän köp maly bolupdyr. Garly pälwan goňşy obalara gidip, mal, mata, haly, palas, keçe söwdasyny edipdir, umuman, maşgalasyny, esasan, söwda-satyk bilen ekläpdir. Uzak ýerlere gidip söwda edýän wagtlaram az bolman, Garly şol ýerlerde ýany bilen alyp giden düşeklerini bugdaýa, jöwene, mä

Akyldar şahyryň belent mertebesi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzüminiň — ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigi hakyndaky degişli şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň düzümleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, muzeýleriň we kitaphanalaryň hünärmenleri, edebiýatçy alymlar, aýdymçy-sazandalar, artistler we köp sanly beýleki döredijilik işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Dabaraly çäräniň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň medeniýet ministrine hem-de Ylymlar akademiýasynyň prezidentine Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň

Üns merkezinde — Ibn Sinanyň köpugurly mirasy

Paýtagtymyzda «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» ady bilen geçirilen halkara ylmy maslahat Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Halkara ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle-de Abu Aly ibn Sinanyň köpugurly mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen maslahat utgaşykly görnüşde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirildi. Alym, akyldar, lukman, tebigaty öwreniji, saz nazaryýetçisi, matematik we psiholog, dermanlary öwreniji, astronom, şahyr Abu Aly Hüseýin ibn Abdulla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina X-XI asyryň beýik şahsyýetleriniň biridir. Günbatar döwletlerinde ol Awisenna ady bilen giňden tanalýar. Haçan-da onuň ady tutulanda, bilimleriň baý dünýäsine eýe bolan we şolaryň ählisini 29 ylmy ugur boýunça 450 kitapda beýan eden meşhur ensiklopediýaçy alymyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Abu Aly ibn Sinanyň ömri türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Ömrüniň 12 ýylyny Gündogaryň ylym merkezleri hökmünde giňden tanalan Ürgenç, Merw, Bawert, Nusaý şäherlerinde geçiren alym özüniň ýiti zehini, paýhasy, tejribesi, binýat goýujy nazaryýetleri bilen ylmy açyşlary edip, gaýtalanmajak eserleri döredip geljek nesillere uly miras galdyrypdyr.

Pekiniň muzeýleri

Megerem, Hytaý ynsan elleri bilen döredilen täsinlikler iň köp jemlenen ýurtlaryň biridir. Ýöne bu ýurtdaky muzeýlere baryp görmegem syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şolaryň sungat bilen baglanyşyklylarynyň käbiri hakynda durup geçmegi makul bildik. Pekiniň zenanlar we çagalar milli muzeýi. 2010-njy ýylda açylan bu muzeý ilkibada syýahatçylaryň ünsüni çekjek täsinlik hökmünde göz öňüne tutulypdy. Muňa muzeýiň ýerleşýän ýeri (dört we bäş ýyldyzly iri myhmanhanalaryň ýany) we binagärlik gurluşynyň özboluşlylygy hem şaýatlyk edýär. Muzeýdäki on müňlerçe gymmatlyk taryhyň aýry-aýry döwürlerinde Hytaýyň dürli künjeklerinde ýaşan zenanlaryň we çagalaryň durmuşy, gündelik we baýramçylyk lybaslary, el işleri, halk döredijiligidir dürli oýunlary dogrusynda gyzykly maglumatlary berýär.

Parahatçylygyň we jebisligiň kepili

Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşy diňe bir türkmen halkyny buýsandyrman, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni hem özüne çekdi. Esasan hem hormatly Prezidentimiziň aýdan teklipleri Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk derejesindäki borçlaryny ýerine ýetirýändigini subut etdi. Ata-babalarymyzyň ýörelgelerini we pikir-ündewlerini häzirki zaman derejesinde ösdürip, hormatly Prezidentimiz şeýle beýan etdi: «Häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr». Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ähmiýetli we düýpli meseleleriň çözgüdi bolan bu sözleri ata-babalarymyzyň gepleşikler esasynda ýurtlaryň parahatçylygyny gazanmak baradaky pikirleriniň amala aşýandygyny görkezýär. Muny biz teswirli «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky: «Barmagy «başga» diýme, bilegi-bir, Ili «başga» diýme, dilegi bir» diýen sözler bilen pikirimizi teswirlemek isledik. Bu ýerde halkara jemgyýetçiliginde ähli ýurtlaryň deňhukukly gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy baradaky pikirler öz beýanyny tapýar.

Zenan zynaty — monjuklar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz günsaýyn ösüşlere beslenýär. Täze taryhy döwürde halkymyzyň asyrlarboýy nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlaryny, oýun-tomaşalaryny, edim-gylymlaryny öwrenmäge, dikeltmäge, ösdürmäge hem giň ýol açyldy. Türkmen medeniýetinde halk döredijiligi uly orny tutýar. Çünki uzak ýyllaryň dowamynda halkymyz folklor eserleriniň ajaýyp nusgalaryny döredipdir, olara milli öwüşgin çaýypdyr. Häzirki wagtda-da ýurdumyzyň etrap-şäherlerinde hereket edýän folklor toparlary öz çykyşlarynda ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy, şaý-seplerimizi belentden wasp edýärler. Biz hem çagalar bagymyzda geçirilýän aýdym-saz sapaklarynda halk döredijiliginde esasy orny eýeleýän folklor çykyşlaryny taýýarlamaga uly üns berýäris.

Zenan dünýäsiniň bezegi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň şu günki günde belent manysyna laýyklykda durmuşa geçirilýändigini zenan ýüregiň bilen syzmak we oňa guwanmak uly bagtdyr. Çünki täze taryhy eýýamymyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň oňyn netijesinde zenanlaryň hem paýynyň uludygy göz öňünde tutulyp, olaryň mertebesini, jemgyýetde tutýan ornuny has-da beýgeltmek ugrunda düýpli özgerişlikler alnyp barylýar. Türkmen zenany deňi-taýy bolmadyk nepis halylary, bezemen toý lybaslary, çeper el işleri bilen dünýäde meşhurdyr. El hünäri — zenan dünýäsini bezeýän sungat. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserindäki: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly» diýen ýakymly ýatlamalary deýin inçe el senetleri gyzlaryň her biriniň ýaşlygyndan öwrenýän hünäri bolup, eneden-gyza nesilme-nesil geçip gelýär.

«Goýdular adyn munuň «Wagzy-Azat»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde gaýtalanmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmäge we ony ösüp gelýän ýaş nesle wagyz etmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Nusgawy türkmen edebiýaty hakda söz açylanda beýik söz ussady Magtymguly Pyragy ýaly zehinli şahyry terbiýelän, okadan, halypalyk eden Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi hakda hem söhbet edesiň gelýär. Ol nusgawy türkmen edebiýatyny täze-täze pikirler, pähim-paýhaslar bilen baýlaşdyran diňe bir ussat şahyr bolman, eýsem, ähli babatda halypa mugallym mertebesine galan beýik şahsyýetdir. Kämil şahsyýeti terbiýelemegiň milli nusgasy ussat şahyr Döwletmämmet Azadynyň eserlerinde giňden beýan edilýär. Ol arap, pars dillerini kämil derejede bilipdir. Şol dilleriň üsti bilen dünýä alymlarynyň filosofik aň-paýhasyny we taglymatyny akyl nepesinde durlap, öz eserlerine siňdiripdir. Şahyryň öz döwrüniň ylym ojaklarynda kämil sapaklary geçendigini bize miras goýan eserlerindäki ylmy dünýägaraýşy doly şaýatlyk edýär.

Ebedi mirasyň mekany

Tebigy ýadygärlikleri, maddy we ruhy gymmatlyklary özünde jemleýän we gorap saklaýan muzeýler halkyň aslyny, taryhyny, milli mirasyny, hazynasyny açyp görkezýär. Häzirki wagtda muzeýler halklary birleşdirýän we her halkyň özboluşly medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýýan merkezlere öwrüldi. Şeýle merkezleriň biri hem Hytaýyň Pekin şäherinde ýerleşýän Hytaýyň Milli sungat muzeýidir.

Ussatlar ýüreklerde ýaşaýar

Meşhur bagşyny ýatlap... Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda ömrüni aýdym-saz bilen halkyna bagyş eden halypalar ýatlanylýar. Olaryň biri hem Tagtabazar etrabynyň Baýraç obasynda 1929-njy ýylda bagşylar maşgalasynda dünýä inen Türkmenistanyň halk bagşysy, professor Ödenyýaz Nobatowdyr. Ol ilkinji aýdym-sazyň inçe syrlaryny çagalygyndan öz kakasy, Türkmenistanyň halk bagşysy Nobat bagşydan öwrendi. Sallançakda ýatan wagty, heniz onuň emedekläp ýören çaga wagty öz garry atasy Amansähet bagşy mylaýym owazy bilen üwräp, ýatyryp, kiçijik Ödenyýazyň bagşy bolmagy üçin örän uly alada etdi.

Abu Aly Ibn Sina — dünýäde meşhur lukman

1986-njy ýylda Nýu-Ýorkuň kitap dükanlarynda ýazyjy Noa Gordonyň «Fizik» atly romany satuwa çykýar. Pariždäki neşirýatlaryň biri amerikalylar bilen dessine şertnama baglaşyp, romany fransuz diline terjime etmäge girişýär we eýýäm iki ýyldan soň, roman «Yspyhanly lukman» diýen täze at bilen Fransiýada, soňra Şweýsariýada we Belgiýada çap edilýär. XI asyryň başlarynda bolup geçýän wakalar beýan edilýän romanyň baş gahrymany tebip bolmagy arzuw edýän 20 ýaşly iňlis ýigidi Rob. Ol jadyly senediň syryna aralaşmagyň diňe Gündogarda we tutuş dünýäde iň meşhur lukman Awisennanyň üsti bilen mümkindigine düşünýär. Öz arzuwlarynyň hatyrasyna Rob uzak ýol aşyp, Yspyhana barýar.

Halk lukmançylygynyň genji-hazynasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XV jildiniň neşir edilmegi bagtyýar raýatlarymyzy diýseň begendirdi. Bu ajaýyp kitabyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, halk köpçüligine gowuşmagy bu ulgamda zähmet çekýän saglyk işgärleri üçin baýramçylyk sowgady boldy. Halk lukmançylygynyň genji-hazynasyna öwrülen, Alym Arkadagymyzyň saglyk ulgamynyň işgärleri üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat etjek bu ajaýyp ylmy kitaby bereketli türkmen topragynyň ynsan saglygy üçin jana şypaly bolan ösümlik dünýäsi, olaryň melhemlik ähmiýeti bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Kitabyň öňki jiltlerinde bolşy ýaly, XV jildinde hem dermanlyk ösümlikleriň owadan suratlarynyň, her bir ösümligiň dermanlyk häsiýeti, peýdalanylyşy barada baý maglumatlaryň berilmegi ýaş nesillerimizde gözel tebigatymyza bolan söýgini artdyrmakda hem-de watançylyk duýgusyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň dünýäniň köp dillerinde neşir edilmegi bilen millionlarça daşary ýurt okyjylaryna hem elýeterli boldy. Kitapda ýerli dermanlyk otlaryň, ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňden beýan edilýär.

At — myrat

Şu ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda durmuş-medeni maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Ýeri gelende aýtsak, täze «akylly» şäher güwänamalaryň, diplomlaryň ençemesine mynasyp boldy we oňa BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň, meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesinden gutlag hatlary gelip gowuşdy. Arkadag şäherinde gurlan bilim ulgamynyň ajaýyp desgalary görenleri haýran galdyrýar. Şolaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem bar.

Halkymyzyň wepaly hemrasy

Ösüşlere beslenen täze taryhy döwrümizde alabaý itlerine aýratyn sarpa goýulmagy hem-de olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilmegi ählimizi guwandyrýar. Çünki türkmen alabaýy eýesine wepalylygy, gaýduwsyzlygy, batyrlygy, dogumlylygy bilen tapawutlanýan milli buýsanjymyzdyr. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň uludan bellenilmegi hem ýönelige däldir. Bu baýram türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherinde 29-njy oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigini hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bilen bagly degişli resminama gol çekmegi ulus-ilimizde şatlyk duýgusyny döretdi. Toý günlerinde şeýle özboluşly bäsleşikleriň geçirilmegi ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny artdyrýar.