Ussatlar ýüreklerde ýaşaýar

18 Oktýabr 2023
632

Meşhur bagşyny ýatlap...

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda ömrüni aýdym-saz bilen halkyna bagyş eden halypalar ýatlanylýar. Olaryň biri hem Tagtabazar etrabynyň Baýraç obasynda 1929-njy ýylda bagşylar maşgalasynda dünýä inen Türkmenistanyň halk bagşysy, professor Ödenyýaz Nobatowdyr. Ol ilkinji aýdym-sazyň inçe syrlaryny çagalygyndan öz kakasy, Türkmenistanyň halk bagşysy Nobat bagşydan öwrendi. Sallançakda ýatan wagty, heniz onuň emedekläp ýören çaga wagty öz garry atasy Amansähet bagşy mylaýym owazy bilen üwräp, ýatyryp, kiçijik Ödenyýazyň bagşy bolmagy üçin örän uly alada etdi.