Abu Aly Ibn Sina — dünýäde meşhur lukman

18 Oktýabr 2023
857

1986-njy ýylda Nýu-Ýorkuň kitap dükanlarynda ýazyjy Noa Gordonyň «Fizik» atly romany satuwa çykýar. Pariždäki neşirýatlaryň biri amerikalylar bilen dessine şertnama baglaşyp, romany fransuz diline terjime etmäge girişýär we eýýäm iki ýyldan soň, roman «Yspyhanly lukman» diýen täze at bilen Fransiýada, soňra Şweýsariýada we Belgiýada çap edilýär.

XI asyryň başlarynda bolup geçýän wakalar beýan edilýän romanyň baş gahrymany tebip bolmagy arzuw edýän 20 ýaşly iňlis ýigidi Rob. Ol jadyly senediň syryna aralaşmagyň diňe Gündogarda we tutuş dünýäde iň meşhur lukman Awisennanyň üsti bilen mümkindigine düşünýär. Öz arzuwlarynyň hatyrasyna Rob uzak ýol aşyp, Yspyhana barýar.

Juma ORAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.