Zenan zynaty — monjuklar

19 Oktýabr 2023
750

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz günsaýyn ösüşlere beslenýär. Täze taryhy döwürde halkymyzyň asyrlarboýy nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlaryny, oýun-tomaşalaryny, edim-gylymlaryny öwrenmäge, dikeltmäge, ösdürmäge hem giň ýol açyldy.

Türkmen medeniýetinde halk döredijiligi uly orny tutýar. Çünki uzak ýyllaryň dowamynda halkymyz folklor eserleriniň ajaýyp nusgalaryny döredipdir, olara milli öwüşgin çaýypdyr. Häzirki wagtda-da ýurdumyzyň etrap-şäherlerinde hereket edýän folklor toparlary öz çykyşlarynda ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy, şaý-seplerimizi belentden wasp edýärler. Biz hem çagalar bagymyzda geçirilýän aýdym-saz sapaklarynda halk döredijiliginde esasy orny eýeleýän folklor çykyşlaryny taýýarlamaga uly üns berýäris.

Maýsa  TAHYROWA,
Köýtendag etrabyndaky 12-nji çagalar bakja-bagynyň saz ýolbaşçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.