Milli itşynaslygyň kämil nusgasy

21 Oktýabr 2023
581

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň sanynyň köpeldilmegine hem-de seçgiçilik işleriniň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Itleriň biziň günlerimize çenli gelip ýeten bu kämil tohumynyň taryhyny, olaryň aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek, türkmen alabaýlarynyň gymmatly genofondyny kemala getirmek, itşynaslygyň umumy medeniýetini ýokarlandyrmak, onuň usulyýet üpjünçiligi üçin ähli şertler döredildi. Milli itşynaslygyň ajaýyp ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde, türkmenleriň müňýyllyklaryň dowamynda wepaly hemrasy bolan alabaýlary Ýer ýüzünde giňden wagyz etmekde milli türkmen itşynaslarymyza aýratyn orun degişlidir.

Türkmeniň alabaý iti adamzat döräli bäri halkyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup hyzmat edip gelipdir. Müňýyllyklaryň dowamynda çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz ymgyr Garagumuň sähralygynda goýun-geçi bakyp, olary köpeldip, ösdürip ýetişdirmek we ýyrtyjy haýwanlardan gorap saklamak üçin gaýduwsyz, wepaly, batyr, hüşgär, örän düşbi goýun itlerini-alabaýlary döredipdirler. Halkymyz bu ugurda ýüzýyllyklara daýanýan itleri seçip-saýlamak, köpeltmek we kämilleşdirmek babatynda baý tejribe toplapdyrlar. Alabaýlar goýun sürüsini goramakda we bakmakda çopan durmuşynyň möhüm zerurlygy bolupdyr. Türkmen alabaý itleriniň arassa tohumynyň saklanyp galmagynda hem çopanlara uly orun degişlidir. Çünki, çopanlaryň irginsiz zähmeti bilen çopanyň janyna deňeýän mallaryny bakmaga, goramaga gaýym, mert, wepaly, türkmen tebigatynyň yssy, sowuk şertlerine çydamly alabaýlar döredilipdir.