Milli buýsanjymyz, alabaý

23 Oktýabr 2023
740

Türkmen alabaý itleri halkymyzyň edil ahalteke bedewi, saryja goýunlary, arwana düýeleri ýaly, dünýä gymmatlyklarynyň sanawyna goşan, milli gymmatlyklarymyzyň gönezligine deňelýän ajaýyplyklarynyň biridir. Käbir maglumatlara görä, türkmen alabaýlarynyň gelip çykyşynyň bäş müň ýyllyk taryhy bar. Munuň özi arassa ganly türkmen itleriniň Oguzhan atamyzyň döwründe-de bolandygyny aňladýar. Elbetde, her halkyň hem öz itlerine garaýşy ýokarydyr. Ýöne gazan kelle, läheň göwre, aýy penje, şir ýüreklilik, gaýduwsyzlyk, öz eýesine wepadarlyk diňe türkmen alabaýlaryna mahsusdyr. Munuň şeýledigine halk arasynda itler bilen baglanyşykly bolan, dürli döwürlerde dörän nakyllardyr aýtgylar hem doly güwä geçýär. Parasatly pederlerimiz «It geldi — gut geldi» diýmek bilen, gapydan itiň gelmegini ýagşylyga ýorupdyrlar. «gut» gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt, rowaçlyk manylaryny aňladýar. Ýene-de halk arasyndaky «Itim bar — gutum bar», «It — ata çeker, är — daýa», «It wepa» ýaly aýtgylar halkymyzyň öz arassa ganly alabaýlaryna çäksiz sylag-hormat, egsilmez buýsanç bilen garandyklaryndan habar berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilendigini we onuň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap merkezleriniň açylandygyny aýratyn bellemek gerek. Şol merkezlerde zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamak maksadynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetinde kinologiýa taýýarlyk ugrunyň açylmagy türkmen alabaýlaryny ylmy esasda öwrenmäge, arassa ganly alabaý itleriniň seçgiçilik işlerini alyp barmaga giň mümkinçilikler döredýär.

Dädebaý NARTYÝEW,
«Nebit-gaz».