Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy

23 Oktýabr 2023
653

Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemäge görülýän taýýarlygyň çäklerinde «Magtymguly Pyragy — şahyrana şahsyýet» atly maslahat geçirildi. Oňa döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyz, bilim işgärleri we mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi, onuň şygyrlarynyň ýaş nesle edep-terbiýe bermekdäki ähmiýeti dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Döwürdeş ýazyjylarymyz gündogaryň akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanyp çap edilen kitaplar, şahyryň goşgularynyň dünýä halklarynyň dillerine terjime edilişi dogrusynda söz açyp, beýik watançylygy, zähmetsöýerligi, hoşsözlüligi ündeýän şygyrlaryň asyrlarboýy gymmatyny ýitirmeýändigini nygtadylar. Etrabymyzyň mekdep okuwçylary Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan goşgulary, nutuklary, taýýarlan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. Maslahatyň çäginde şahyryň eserleriniň sergisi hem guraldy. Maslahata gatnaşyjylar beýik şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmek, ony dünýä ýaýmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Ogulnur BAZAROWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Saýat etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.