Parahatçylygyň we jebisligiň kepili

19 Oktýabr 2023
711

Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşy diňe bir türkmen halkyny buýsandyrman, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni hem özüne çekdi. Esasan hem hormatly Prezidentimiziň aýdan teklipleri Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk derejesindäki borçlaryny ýerine ýetirýändigini subut etdi. Ata-babalarymyzyň ýörelgelerini we pikir-ündewlerini häzirki zaman derejesinde ösdürip, hormatly Prezidentimiz şeýle beýan etdi: «Häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr».

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ähmiýetli we düýpli meseleleriň çözgüdi bolan bu sözleri ata-babalarymyzyň gepleşikler esasynda ýurtlaryň parahatçylygyny gazanmak baradaky pikirleriniň amala aşýandygyny görkezýär. Muny biz teswirli «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky: «Barmagy «başga» diýme, bilegi-bir, Ili «başga» diýme, dilegi bir» diýen sözler bilen pikirimizi teswirlemek isledik. Bu ýerde halkara jemgyýetçiliginde ähli ýurtlaryň deňhukukly gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy baradaky pikirler öz beýanyny tapýar.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.