Pekiniň muzeýleri

19 Oktýabr 2023
689

Megerem, Hytaý ynsan elleri bilen döredilen täsinlikler iň köp jemlenen ýurtlaryň biridir. Ýöne bu ýurtdaky muzeýlere baryp görmegem syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şolaryň sungat bilen baglanyşyklylarynyň käbiri hakynda durup geçmegi makul bildik.

Pekiniň zenanlar we çagalar milli muzeýi. 2010-njy ýylda açylan bu muzeý ilkibada syýahatçylaryň ünsüni çekjek täsinlik hökmünde göz öňüne tutulypdy. Muňa muzeýiň ýerleşýän ýeri (dört we bäş ýyldyzly iri myhmanhanalaryň ýany) we binagärlik gurluşynyň özboluşlylygy hem şaýatlyk edýär. Muzeýdäki on müňlerçe gymmatlyk taryhyň aýry-aýry döwürlerinde Hytaýyň dürli künjeklerinde ýaşan zenanlaryň we çagalaryň durmuşy, gündelik we baýramçylyk lybaslary, el işleri, halk döredijiligidir dürli oýunlary dogrusynda gyzykly maglumatlary berýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Güljennet HYDYROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.