Türkmen alabaýlaryny iýmitlendirmegiň aýratynlyklary

24 Oktýabr 2023
578

Ýurdumyzda indi birnäçe ýyldan bäri oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy döwlet derejesinde uly toý-baýrama beslenip, bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli eziz Diýarymyza daşary ýurtlardan tejribeli itşynaslar, kinologiýa ylmyny öwrenijiler we alymlar gelýärler. Olar ýurdumyzda döredilip, birnäçe ýyldan bäri hereket edýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy tarapyndan geçirilýän maslahata hem-de dürli görnüşli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýarlar.

Türkmen alabaýlary halkymyzyň milli gymmatlygydyr. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, merjen paýtagtymyz Aşgabatda halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi, bu halkara jemgyýetçilik guramasynyň welaýatlarymyzda merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ylaýta-da, ýurdumyzda milli buýsanjymyz bolan wepadar türkmen alabaýlarymyzy saklamaga, idetmäge, ösdürip ýetişdirmäge we geljekki nesillerimize ýetirmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi buýsançlydyr.

Maýagül KÖMEKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.