Akyldar şahyryň belent mertebesi

19 Oktýabr 2023
663

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzüminiň — ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigi hakyndaky degişli şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň düzümleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, muzeýleriň we kitaphanalaryň hünärmenleri, edebiýatçy alymlar, aýdymçy-sazandalar, artistler we köp sanly beýleki döredijilik işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Dabaraly çäräniň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň medeniýet ministrine hem-de Ylymlar akademiýasynyň prezidentine Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň