«Mähirli zenan» Pekin şäherinde geçirilýän «Maddy däl medeni miras hepdeligi» atly halkara sergä gatnaşýar

22 Oktýabr 2023
637

Halkara gatnaşyklaryň ýygjamlaşýan häzirki zaman dünýäsi medeni mirasy, milli gymmatlyklary äleme äşgär etmäge ilgezik. Şu maksat bilen dünýäniň dürli künjünde guralýan halkara sergilerdir maslahatlaryň, forumlaryň hersiniň uly ähmiýeti bardyr. 22 – 25-nji oktýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde geçirilýän «Maddy däl medeni miras hepdeligi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň düzüminde «Mähirli zenan» hususy kärhanasynyň bolmagy hem-de sergide kärhananyň ezber gelin-gyzlarynyň elinden çykan naýbaşy önümleriniň görkezilmegi türkmen zenanynyň baý ruhy dünýäsiniň, ukypdyr başarnygynyň äleme ýaň salmasydyr. Bizem alys ýerlerde türkmen milli gymmatlyklaryny, eli hünärli gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslaryny, dürli görnüşli el işlerini bu halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara tanyşdyrýan «Mähirli zenan» hususy kärhanasy barada bilýänlerimizi okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul hasapladyk.

Hawa, zenan kalbynyň näzik duýgularynyň beýany bolan nepis halylar, sünnä keşdelerdir dürli görnüşli el işleri türkmen gelin-gyzlarynyň tebigy zehininden gözbaş alýandyr. Asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň içinde zenan dünýäsiniň täsinligini, jadylaýjy gudratyny açyp görkezýän gelin-gyzlarymyzyň lybaslary özboluşly gözelligi, nepisligi bilen tapawutlanýar. Gözüň ýagyny iýip barýan, tebigatyň özünden reň alan ýüpekden çekilen milli keşdeler türkmen zenanlarynyň lybaslarynyň göze gelüwliligini artdyrýar.

Bägül BERDIÝEWA,
«Biznes reklama».