Halk lukmançylygynyň genji-hazynasy

17 Oktýabr 2023
729

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XV jildiniň neşir edilmegi bagtyýar raýatlarymyzy diýseň begendirdi. Bu ajaýyp kitabyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, halk köpçüligine gowuşmagy bu ulgamda zähmet çekýän saglyk işgärleri üçin baýramçylyk sowgady boldy. Halk lukmançylygynyň genji-hazynasyna öwrülen, Alym Arkadagymyzyň saglyk ulgamynyň işgärleri üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat etjek bu ajaýyp ylmy kitaby bereketli türkmen topragynyň ynsan saglygy üçin jana şypaly bolan ösümlik dünýäsi, olaryň melhemlik ähmiýeti bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Kitabyň öňki jiltlerinde bolşy ýaly, XV jildinde hem dermanlyk ösümlikleriň owadan suratlarynyň, her bir ösümligiň dermanlyk häsiýeti, peýdalanylyşy barada baý maglumatlaryň berilmegi ýaş nesillerimizde gözel tebigatymyza bolan söýgini artdyrmakda hem-de watançylyk duýgusyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň dünýäniň köp dillerinde neşir edilmegi bilen millionlarça daşary ýurt okyjylaryna hem elýeterli boldy. Kitapda ýerli dermanlyk otlaryň, ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňden beýan edilýär.