"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Hytaý dilinde terjimäniň aýratynlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan dünýä dillerini öwretmek işi özüniň iň nusgawy ugurlaryny kemala getirýär. Dil öwrenmegiň esasy açarlarynyň biri hem terjimedir. Dil öwrenilip başlanylandan, eýýäm öwreniji terjime etmäge girişip başlaýar. Terjime diňe bir dil öwrenijiniň sözlük baýlygynyň artmagyna däl, eýsem, öwrenýän diliniň ýurdunyň medeniýetini, sungatyny, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny öwrenip, dünýägaraýyşlarynyň has-da giňemegine ýardam berýär. Terjimede islendik diliň özüne mahsus bolan birnäçe aýratynlyklary bolýar. Şunda esasy faktorlaryň biri hem onuň manysynyň anyk hem dogry bolmagy, ýagny takyklygy örän wajypdyr. Şol sebäpli, terjime edilende diliň özüne mahsus bolan dürli grammatiki, semantiki, leksiki aýratynlyklaryny, olaryň arasyndaky arabaglanyşygy tapawutlandyryp, okyja dogry manyly terjime bermek zerurdyr. Ösen ýurtlaryň biri bolan Hytaýda hem terjimeçilik işi öz köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Terjimeçilik işiniň üç müňýyllyk taryhy bar. Bu bolsa Hytaýyň milli medeniýetiniň ösmeginiň esasy guraly bolupdyr. Has irki döwürlerde hem Hytaýda terjimeçilik käriniň bolandygy barada subutnama getirýärler.

Kuwwatly Watanyň daýanjy

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylym-bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegi buýsanjymyzy artdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeginde ylym-bilim maksatly binalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Şol ajaýyp binalaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Döwrebap bilim ojaklarynda ýaş nesilleri ylymly-bilimli, işbaşarjaň, maksada okgunly, kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, netijeli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Biziň baş maksadymyz ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekden, olaryň bilim derejesiniň dünýä ülňülerine laýyk gelmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ylymly-bilimli bolmak diýen düşünje juda köp zady özünde jemleýär. Başlangyç synplarda çagalaryň sözleýiş, okamak endiklerini ösdürmek aýratyn ähmiýete eýedir. Mugallym çagalaryň diňe bir okap bilşine däl-de, okaýan zatlaryny pikir eleginden geçirip bilşine hem üns bermelidir. Çaga bu iki tilsimi deň derejede özleşdireninde, okuw doly manysynda öz maksadyna ýetýär. Başlangyç synplarda innowasion tehnologiýalaryň, hormatly Prezidentimiz tarapyndan sowgat berlen şahsy kompýuterleriň talabalaýyk ulanylmagy okuw-terbiýeçilik işiniň döwrüň talaplaryna laýyk alnyp barylmagyna ýardam edýär. Ýaş nesle döwrebap derejede bilim bermegimiz, sowat öwretmegimiz üçin ähli şertler

Beýik bagtyň waspy çagalaryň ýüreginde

Berkarar Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzyň çagalar sungat mekdepleriniň arasynda hem täsirli bäsleşikleriň birnäçesi meýilleşdirildi. Olara mekdebimiziň mugallymlarydyr okuwçylary hem şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Bu bäsleşiklere niýetlenip döredilýän we ýerine ýetirilýän täze sungat eserleri şol bir wagtyň özünde biziň mekdebimiziň şanly toýumyza sowgadyna öwrüler. Häzirki wagtda mekdebimizde welaýat medeniýet müdirligi we welaýat ýörite sungat mekdebi tarapyndan yglan edilen bäsleşikleriň 8-sine taýýarlyk görülýär. Bu bäsleşikler mekdebiň mugallymlaryny we okuwçylaryny «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda has jogapkärli işlemäge ruhlandyrýar.

Sanly bilim — giň mümkinçilikler

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwre laýyk derejede kämilleşdirmek maksady bilen 2017-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bagtyýarlyk döwrümizde bu Konsepsiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi işlenilip taýýarlanyldy. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleri, hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrm

Bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar

Ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek ugrunda öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ösen ylym-bilim gurşawyny döretmek bilen bagly işler döwrüň talaplaryna görä alnyp barylýar. Diýarymyzyň milli bilim ulgamy hormatly Prezidentimiziň düýpli özgertmeleri esasynda döwrebaplaşdyrylmak bilen bir hatarda, ösüşiň täze belentliklerine çykaryldy. Milli bilim ulgamynyň ýokary derejede ösdürilmegi onuň halkara hyzmatdaşlykdaky ornuny has hem ýokarlandyrdy. Munuň özi ylmy önümçiligi ýola goýmakda we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde uly üstünliklere giň ýol açdy.

Ýollarymyz rowan ― geljegimiz dowam!

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäheriniň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçy gyzlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan «Ýollarymyz rowan — geljegimiz dowam!» atly bäsleşik geçirildi. Oňa 7-8-nji synplarda bilim alýan okuwçy gyzlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesiniň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşigiň öňünde mekdep okuwçylarynda paýtagtymyzyň köçelerinde özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek maksady durýar.

Halypalar ýagşylykda ýatlanýar

Hormatly Prezidentimiz: «Ylym hem-de bilim halkymyzyň eşretli durmuşynyň, bagtyýar geljeginiň gözbaşydyr. Mugallymçylyk adamzat durmuşynyň irki döwürlerinden bäri iň abraýly, hormatly kärleriň biridir. Bilim berýän adam aýratyn hormat-sylaga mynasypdyr» diýýär. «Zähmet soňy rehnet» diýlişi ýaly, edýän işiň halal bolanda, ol özüniň netijesini görkezýär. Her bir hünär özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Käriňe yhlasly bolmak ynsanperwerlikden, abraý-mertebeden nyşan.

Kitap — ylham çeşmesi

Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri ýurdumyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülip, mähriban halkymyzyň ýagty geljegi, aýratyn hem, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek babatda uly mekdep bolup durýar. Mähriban Prezidentimiz: «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly ajaýyp kitabynda «Häzirki zaman Türkmenistan — Garaşsyz, Bitarap ýurt, Merkezi Aziýa sebitinde depginli ösýän döwlet. Ol ägirt uly tebigy baýlyklara, önümçilik kuwwatlyklaryna, gurluş we adam mümkinçiliklerine, giň ýaýbaňlandyrylan ulag-aragatnaşyk ulgamyna eýe» diýip bellemek bilen, ata Watanymyzyň giň gerimli mümkinçiliklerine ýokary baha berýär. Ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösýän ykdysady we durmuş ulgamlary bilen bir hatarda, jemgyýetimiziň medeni hem-de aň-bilim ugrundaky ösüşleri dogrusyndaky döredilen şertler, amala aşyrylýan ägirt uly işler halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Mähriban halkymyzyň taryhy hem-de ruhy ösüşlerine aýratyn uly täsirini ýetiren Oguz han atamyzdan başlap, Gorkut ata, Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Keýmir kör serdar, Magtymguly Pyragy ýaly şahsyýetleriň bitiren beýik işleri, döredijiligi, mukaddes ýol-ýörelgesi biziň üçin tapylgysyz miras, genji-hazyna bolup durýar. Bu ýol-ýörelgeler bu günki gün döwletimiziň Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk mukaddeslikleri bilen berk baglanyşyp, döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer, parahatçylyk

«Ýylyň mugallymy — 2021»

USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Okuwçylaryň döwrebap bilim almagy, ösen, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek üçin dürli bäsleşikler geçirilýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Zehin zehinden zyýada Ýaş nesle döwrüň talabyna laýyk derejede bilim bermek, ýaşlary dürli hünärlere ugrukdyrmak hem-de Watançylyk ruhunda ýetişdirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Şeýle hem zehinli okuwçy-ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler guralýar.

Aýdyň wezipeleri nazarlap

Şu ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmek we alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça döwletimiziň ähli pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatlarynda gazanylan netijeler düýpli seljerildi we ösüşiň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Munuň özi dünýäde dowam edýän durmuş-ykdysady ýagdaýlary nazara alyp, döwrüň öňde goýan çylşyrymly wezipelerini üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda örän möhüm, netijeli usullary öňe çykardy. Hormatly Prezidentimiz 8-nji fewralda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Diýarymyzyň durnukly we depginli ösmegi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň, maksada okgunly, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýelemegiň wajypdygyny aýratyn nygtady. Elbetde, amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijeliligi köp babatda ýaşlaryň bilim derejesine baglydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bilim we ylym döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde onuň düzümleri tarapyndan

Çagalar — ýagty ertirimiz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny özgertmek we kämilleşdirmek, giň dünýägaraýyşly, ýokary aň-düşünjeli, kämil nesli kemala getirmek ugrundaky tagallalar barha rowaç alýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda çagalar baglarydyr mekdepleriň täze, döwrebap binalarynyň gurulmagy hem-de olaryň häzirki zaman okuw enjamlarydyr esbaplary bilen üpjün edilmegi ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň netijeli bolmagyna getirýär. Çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň kämil kompýuterler, multimediýa-interaktiw enjamlar bilen üpjünçiliginiň ýokary bolmagy sanly ulgama geçilýän döwürde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bilimiň ähmiýetini we mazmunyny baýlaşdyrmaga hem-de hilini dünýä derejesine ýetirmäge gönükdirilen bu tagallalar uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurdaky giň mümkinçilikler bilim işgärlerine ylmyň täze gazananlaryndan we okatmagyň täzeçil usullaryndan netijeli peýdalanmaga, şeýlelikde ählitaraplaýyn ösen, bilimli nesli ýetişdirmäge ajaýyp şertleri açýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan» we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alnyp, m

Sanly ulgam — täze ösüşleriň açary

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek, sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanmak boýunça işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi iş öndürijiligini artdyrmaga, wagty tygşytlamaga, işiň hilini gowulandyrmaga we depginini güýçlendirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda sanly ykdysadyýete geçmekde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işler sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny amala aşyrmagyň degişli üç tapgyryny öz içine alýar. Sanly tehnologiýalaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy islendik adam üçin öýde oturan ýerinden, öz möhümine we islegine görä saýlap, döwlet ulaglaryna ýol peteklerini satyn almaga, dükanlardan söwda etmäge, jemagat töleglerini tölemäge, bilim ulgamynda geçilýän okuw sapaklaryna onlaýn usulda goşulmaga, özleşdirilmän galan sapaklary ýörite portalda goýlan wideogörnüşli sapak ýazgysynyň üsti bilen gaýtadan özleşdirmäge we beýlekilere uly ýeňillikleri döredip, ýörite ýola çykyp barmak, nobata durup garaşmak ýaly birnäçe wagt sarp etmeleri, saglyk ýagdaýy sebäpli okuwa baryp bilmedik talybyň ýa okuwçynyň okuw prosesiniň gidişinde deň-duşlaryndan yza galmak meselesini aradan aýyrýar.

Döwrebap okuw usuly

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belleýär. Şu jähetden ylmy-barlag edaralaryny, senagata degişli desgalary, işewürlik merkezlerini, sergi meýdançalaryny we beýlekileri önümçilik bilen ysnyşykly baglanyşdyrmagyň zerurlygyndan ugur almak möhümdir. Senagat tehnologiýanyň işlenilip taýýarlanylmagyna we iş ýüzünde ornaşdyrylmagyna ýardam berýän ýörite toplumlar döredilýär. Netijede, täze önüm öndürýän kärhanalar işe girizilýär, öňki bar bolan önümçilik kärhanalarynda täze enjamlar we tehnologiýalar ornaşdyrylýar, ökde inženerleriň we taslaýjylaryň täze nesli kemala gelýär. Şu nukdaýnazardan kesgitli hünäri saýlap alan talyp ýaşlara bilim bermegiň, talap edilýän endikleriň we başarnyklaryň öwredilmeginiň usullary has-da ösdürilýär. Önümçiligiň öňünde hünärmeniň taýýarlanylyşynyň derejesini kämilleşdirmek we işçiniň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselesi goýulýar. Institutymyzda tehnologik maşynlar we enjamlar ugruna degişli metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary hünäri boýunça maşynlaryň detallaryny bejermegiň we düzmegiň tehnologiýasyny, gurnalyşyny we metallary ýonujy enjamlaryň öndürilişini bilýän, maşyngurluşyk we metal işläp bejeriji zawodlaryň, sehleriň, tehnologik prosesleriň toplumlaýyn taslamalaryny işläp düzmegi, olary awtomatiki serişdeler arkaly dolandyrma

Ertekileriň üsti bilen iňlis dilini öwretmek

Dil endiklerini ösdürmek iňlis dili sapagynyň esasy maksadydyr. Edebiýat okuwçylara iňlis dilini öwrenmäge ýardam berjek serişdeleriň köpüsini özünde jemleýär. Alymlar hekaýalaryň, ertekileriň çagalaryň aň-bilim taýdan kämilliginde uly ornunyň bardygyny belläp geçýär. Dil öwrenilip başlanylanda, ilkinji nobatda, oňa höwes döretmek zerurdyr. Şu nukdaýnazardan edebiýat özüniň baý mazmuny bilen täze dili oňat özleşdirmäge ýardam berýär. Şeýle hem ol usullaryň dürli görnüşlerini, gyzykly temalary hödürleýär. Şunlukda, okuwçylar eseriň gahrymanlary, sýužeti bilen içgin tanyşýarlar. Bu bolsa olara dili has oňat öwrenmäge ýardam berýär. Okuw kitaplarynda berlen tekstler pedagogik sebäplere görä saýlanylyp alynýar we köplenç olar kiçi ýaşly çagalarda uly gyzyklanma döretmeýär. Olar bilen deňeşdirilende, ertekiler çagalarda uly täsir galdyryp, bilesigelijilik häsiýetlerini artdyrýar.

Asylly ýörelgä eýeren mugallym

Heňňamyň dürli-dürli pursatlaryny şol bir ýodadan gatnap, şol bir işikden girip-çykyp geçirmek ussatlyga ýetirýär. Bu häsiýet hemmeler üçin hem gerekdir welin, mugallym üçin olar has-da zerur. Şahsy aladalaryny unudyp, iliň gül-gunçasynyň — çagalarynyň aladasyny özüňki saýmasaň, olaryň begenjine begenip, gynanjyna bile gynanmasaň, hormat-sarpa eýe bolmak asla ýeňil-ýelpaý iş däl. Onda-da mugallymçylyk ýaly zähmeti uçursyz köp talap edýän kärde bu häsiýetler has-da zerurdyr. Meniň gürrüňini etjek bolýan mugallymym bu käriň jogapkärçiligine aňryýany bilen göz ýetirýän adam. Onuň maşgalada alan terbiýesi halallykdan, ile hat-sowat öwretmegi öz kalbynyň senasyna öwren pederlerden gözbaşly. Şonuň üçin Arazgül mugallymyň geçmişine we şu güne çenli zähmet ýoluna ser salsaň, bu hakykata göz ýetirýärsiň.

Sözleýiş medeniýetini ösdürmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ösdürilýär we ýaşlaryň kämil, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamy ösdürilip, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, watansöýüji, zähmetsöýer edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaşlara ene dilini öwretmek, milli dilimize söýgi döretmek möhümdir. Munuň üçin ene diliniň ylmy esasda öwrenilişi, sözleriň many aýratynlyklary, esasan hem, dilimiziň stilistik aýratynlyklary hakynda düşünje bermek gerekdir. Ýaşlaryň ene dilimizde söz baýlyklarynyň örän köp bolmagyny gazanmalydyrys. Sebäbi söz baýlyklary köp bolan ynsanlar dilewar bolýar, medeniýetli sözlemegi başarýarlar. Şol sebäpli hem sözleýiş we sözleýiş medeniýeti adamyň lingwistik düşünjesiniň alamaty bolup durýar. Sebäbi aýdanyňda sözleýiş medeniýetiniň has kämil bolmagynda diliň leksik serişdelerini we stilistik resurslaryny has kämil bilmek gerek bolýar. Bu sözleşýän adamynyň lingwistik düşünjesi bilen pugta baglanyşykly bolýar. Sözleýän adam diliň söz baýlyklaryna, many-mazmunyna oňat düşünýän bolsa, ol pikirini beýan etmegiň kämil usulyny ulanyp bilýär.

Innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Dünýäde maglumat tehnologiýalar merkezleri ylmyň we tehnikanyň ösüşine laýyk gelýän innowasiýa kuwwatyny emele getirýär. Şonda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary ylym, bilim edaralary bilen özara hereket edýär. Programma üpjünçiligi esasynda önümçilik kuwwatlyklarynyň işi maglumat tehnologiýalar merkezleri arkaly amal edilýär. Şeýle innowasion merkezlerde serwis hyzmatlary, dürli taslamalar amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini tehnologiýalar arkaly ösdürmek meselesine ylmy taýdan uly ähmiýet berýär. Bu innowasion ugry ösdürmekde bilimiň, ylmyň önümçilikdäki orny pugtalandyrylýar. Täze maglumat tehnologiýalaryny döretmek üçin innowasion gurşaw emele getirilýär. Sanly ykdysadyýete geçmek üçin “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda “Sanly çözgüt IT meýdança” hojalyk jemgyýeti döredildi.

Oňyn netijeler gazanylýar

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen sanly bilim ulgamyndaky ösüşleriň tizlik bilen giň gerime eýe bolmagy ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmaga güýçli itergi berýär. Şoňa laýyklykda ähli bilim edaralarynda okatmagyň innowasion usulyndan giňden peýdalanylýar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagyna, ylmy-barlag işlerini geçirmegine, täze tehnologiýalardan gowy baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam edýär. Ýurduň ösüşi, özgerişi, ilkinji nobatda, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunynyň ýokarylygyna bagly bolup durýar. Şunda bilimiň binýadyny berkitmekde sanly bilim ulgamynyň ähmiýeti uludyr. Tehnologiýanyň ösýän döwründe onuň bilen aýakdaş gitmek ähli ulgamlarda esasy talap bolup durýar. Şonuň üçin milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar, kompýuterler ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesli döwrebap okatmakda zerur serişdelerdir. Şol serişdelerden ýerlikli peýdalanmak bolsa, bilim edaralarynda zähmet çekýän her bir mugallymyň borjudyr.

Mekdep okuwçylarynyň üstünligi

Şu ýylyň 9-10-njy martynda Türkmenistanyň Milli Bilim institutynda umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda onlaýn arkaly ylmy-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim özgertmelerine laýyklykda, robot tehnikasy, tebigy we takyk ylmy ugurly okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň maksady okuwçylaryň öwrenýän derslerine gyzyklanmasyny ýokarlandyrmakdan, olary robot tehnikasy bilen meşgullanmaga höweslendirmekden, tebigy ukyp-başarnyklaryny ösdürmekden ybarat boldy. Bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 105-si özleriniň 62 işi bilen gatnaşdy.