Asylly ýörelgä eýeren mugallym

14 Mart 2021
1063

Heňňamyň dürli-dürli pursatlaryny şol bir ýodadan gatnap, şol bir işikden girip-çykyp geçirmek ussatlyga ýetirýär. Bu häsiýet hemmeler üçin hem gerekdir welin, mugallym üçin olar has-da zerur. Şahsy aladalaryny unudyp, iliň gül-gunçasynyň — çagalarynyň aladasyny özüňki saýmasaň, olaryň begenjine begenip, gynanjyna bile gynanmasaň, hormat-sarpa eýe bolmak asla ýeňil-ýelpaý iş däl. Onda-da mugallymçylyk ýaly zähmeti uçursyz köp talap edýän kärde bu häsiýetler has-da zerurdyr.

Meniň gürrüňini etjek bolýan mugallymym bu käriň jogapkärçiligine aňryýany bilen göz ýetirýän adam. Onuň maşgalada alan terbiýesi halallykdan, ile hat-sowat öwretmegi öz kalbynyň senasyna öwren pederlerden gözbaşly. Şonuň üçin Arazgül mugallymyň geçmişine we şu güne çenli zähmet ýoluna ser salsaň, bu hakykata göz ýetirýärsiň.

Meret ÝAGŞYÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň 37-nji orta mekdebiniň mugallymy.