Sözleýiş medeniýetini ösdürmek

14 Mart 2021
1170

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ösdürilýär we ýaşlaryň kämil, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamy ösdürilip, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, watansöýüji, zähmetsöýer edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaşlara ene dilini öwretmek, milli dilimize söýgi döretmek möhümdir. Munuň üçin ene diliniň ylmy esasda öwrenilişi, sözleriň many aýratynlyklary, esasan hem, dilimiziň stilistik aýratynlyklary hakynda düşünje bermek gerekdir.

Ýaşlaryň ene dilimizde söz baýlyklarynyň örän köp bolmagyny gazanmalydyrys. Sebäbi söz baýlyklary köp bolan ynsanlar dilewar bolýar, medeniýetli sözlemegi başarýarlar. Şol sebäpli hem sözleýiş we sözleýiş medeniýeti adamyň lingwistik düşünjesiniň alamaty bolup durýar. Sebäbi aýdanyňda sözleýiş medeniýetiniň has kämil bolmagynda diliň leksik serişdelerini we stilistik resurslaryny has kämil bilmek gerek bolýar. Bu sözleşýän adamynyň lingwistik düşünjesi bilen pugta baglanyşykly bolýar. Sözleýän adam diliň söz baýlyklaryna, many-mazmunyna oňat düşünýän bolsa, ol pikirini beýan etmegiň kämil usulyny ulanyp bilýär.

Baýramgül GÜNDOGDYÝEWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy.