Döwrebap okuw usuly

14 Mart 2021
967

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belleýär. Şu jähetden ylmy-barlag edaralaryny, senagata degişli desgalary, işewürlik merkezlerini, sergi meýdançalaryny we beýlekileri önümçilik bilen ysnyşykly baglanyşdyrmagyň zerurlygyndan ugur almak möhümdir. Senagat tehnologiýanyň işlenilip taýýarlanylmagyna we iş ýüzünde ornaşdyrylmagyna ýardam berýän ýörite toplumlar döredilýär. Netijede, täze önüm öndürýän kärhanalar işe girizilýär, öňki bar bolan önümçilik kärhanalarynda täze enjamlar we tehnologiýalar ornaşdyrylýar, ökde inženerleriň we taslaýjylaryň täze nesli kemala gelýär. Şu nukdaýnazardan kesgitli hünäri saýlap alan talyp ýaşlara bilim bermegiň, talap edilýän endikleriň we başarnyklaryň öwredilmeginiň usullary has-da ösdürilýär. Önümçiligiň öňünde hünärmeniň taýýarlanylyşynyň derejesini kämilleşdirmek we işçiniň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselesi goýulýar.

Institutymyzda tehnologik maşynlar we enjamlar ugruna degişli metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary hünäri boýunça maşynlaryň detallaryny bejermegiň we düzmegiň tehnologiýasyny, gurnalyşyny we metallary ýonujy enjamlaryň öndürilişini bilýän, maşyngurluşyk we metal işläp bejeriji zawodlaryň, sehleriň, tehnologik prosesleriň toplumlaýyn taslamalaryny işläp düzmegi, olary awtomatiki serişdeler arkaly dolandyrmagy başarýan inžener-mehanik kärini ele alýan hünärmenler taýýarlanylýar. Bu hünäri doly öwrenip ele almak üçin hünäre giriş we hünäri boýunça ýörite tehnologiýa dersleriniň ähmiýeti uludyr. Bu dersler öwrenilende geljekki hünärmenleriň önümçiligiň tehniki üpjünçiligini we işiň netijeliligini ýokarlandyrylmagyň esaslaryny, zähmetiň bölünişi, hünärmenleri taýýarlamagyň derejesini bilmegi gazanylýar.

Altymyrat AGAJANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.